10-12-nji fewralda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçirildi.
Serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistandaky daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, köp sanly telekeçiler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda häzirki wagtda Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygy, Türkiýäniň kompaniýalarynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen ysnyşykly iş alyp barmak bilen, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bilelikdäki birnäçe taslamalary üstünlikli amala aşyrýandyklary, işewürlik ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy giňeldýändikleri bellenilýär.
Dabarada Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolat çykyş edip, sergini geçirmäge döredilen ajaýyp şertler hem-de türk wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Şu gezekki gözden geçiriliş ýokary döwlet derejesinde ozal gazanylan ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy dialog ýokary derejä eýedir we ol yzygiderli ösdürilýär. Bu bolsa şeýle duşuşyklaryň hem-de çäreleriň yzygiderli geçirilmeginde öz beýanyny tapýar. Sergi köpdürlüligi bilen bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döredýär. Söwda-senagat edarasynyň giň zalynda Türkiýäniň senagat mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýan 100-den gowrak kompaniýa öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy. Şolaryň hatarynda çalt depginler bilen ösýän kiçi we orta telekeçiligiň wekilleri, ägirt uly senagat kärhanalary bar. Senagat, maşyn gurluşygy ulgamyna ýöriteleşen kompaniýalaryň diwarlyklary myhmanlaryň aýratyn ünsüni çekýär. Türkiýeli önüm öndürijiler önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak üçin niýetlenen enjamlaryň we tehnologik ulgamlaryň iň täze görnüşlerini tanyşdyrýarlar. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça milli maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen baglylykda, bu ugur uly gyzyklanma döredýär.
Serginiň çäklerinde iki ýurduň wekilleriniň işewürlik duşuşyklary geçirildi. Munuň özi geljekki geleşikleri ara alyp maslahatlaşmaga we bilelikdäki kärhanalary döretmek boýunça umumy strategiýany işläp taýýarlamaga ýardam berýär. Mejlisiň dowamynda hünärmenleri taýýarlamak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türk kompaniýalarynyň wekilleri öndürýän enjamlary bilen işlejek türkmen hünärmenleri üçin okuw maslahatlaryny geçirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. Bu giň möçberli çäre türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykandygyna şaýatlyk edýär. «Iki döwlet – bir millet» ýörelgesine esaslanýan özara hyzmatdaşlyk iki ýurduň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilendir.
PDF









