Maý aýynda Türkiýäniň import edýän tebigy gazynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 22,8 göterim artyp, 3 milliard 539 million kub metre ýetdi. Energiýa bazaryny düzgünleşdiriji edaranyň maglumatyna görä, importuň 3 milliard 161 million kub metri turba geçirijiler, 377 million kub metri suwuklandyrylan tebigy gaz (LNG) desgalary arkaly alnypdyr. Agzalýan döwürde Russiýadan turbageçiriji arkaly 1 milliard 192 million kub metr gaz satyn alnypdyr. Azerbaýjandan 1 milliard 56 million, Eýrandan 791 million we Türkmenistandan 120 million kub metr gaz import edilipdir.
Degişli döwürde Alžirden 281 million kub metr, ABŞ-dan 96 million kub metr suwuklandyrylan gaz import edilipdir.
Ýurtda gazyň umumy sarp edilişi maý aýynda geçen ýylyň degişli döwründäkiden 28 göterim artyp, 4 milliard 88 million kub metr bolupdyr. Ýaşaýyş jaýlaryndaky artyş bolsa, 75,7 göterim artyp, 1 milliard 494 million kub metre ýetipdir. Senagat desgalarynda bolsa tebigy gazyň sarp edilişi 4,2 köpelip, 1 milliard 139 million kub metre ýetipdir. Elektrik energiýasyny öndürýän desgalarda tebigy gazyň sarp edilişi 16,4 göterim ýokarlanyp, 737 million kub metre ýetipdir. Ýurduň tebigy gaz ätiýaçlygy maý aýynda 20,2 göterim azalyp, 2 milliard 941 million kub metre ýetipdir. Tebigy gaz ätiýaçlygynyň 2 milliard 703 million kub metriniň ýerasty desgalarda, 238 million kub metriniň LNG desgalarynda saklanýandygy habar berildi.