Dünýä Kubogynyň pleý-off tapgyrynda UEFA “C” geçelgesinde Türkiýäniň ýygyndysy öňe saýlandy. Ýarym finalda öz meýdançasynda Rumyniýanyň ýygyndysyny Ferdi Kadyoglunyň 53-nji minutda geçiren ýeke-täk goly esasynda ýeňen Türkiýäniň milli topar myhmançylykda şol hasap bilen Kosowodan üstün çykmagy başardy. Çekeleşikli geçen oýnuň ýeke-täk goluny 53-nji minutda Kerem Aktürkoglu öz adyna ýazdyrdy. Iki duşuşykda-da türklere ýeňiş getiren gollaryň 53-nji minutda derwezä girizilmegi täsin statistika bolup, Türkiýäniň ýygyndysy 24 ýyldan soň Dünýä Kubogyna gatnaşar. Bu olaryň 1954-nji we 2002-nji ýyllardan soň 3-nji synanyşygy bolar. Türkiýäniň ýygyndysy 2002-nji ýylda bürünç medal gazanypdy. Türkiýäniň ýygyndysy Dünýä Kubogy 2026-da “D” toparçada ýer eýeleriniň biri bolan ABŞ-nyň, şol sanda Paragwaýdyr Awstraliýanyň ýygyndylary bilen duşuşar.

Kosowonyň ýygyndysy agza-burna gelen Dünýä Kubogyna ilkinji gezek gatnaşmak pursatyny elden giderdi.