16-njy oktýabrda Türkiýe Respublikasyndan Arkadag şäherinde geçirilen «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwala gatnaşmaga gelen kino ussatlary Mary welaýatynda ýerleşýän Gadymy Merw medeni we taryhy goraghanasyna bardylar. Myhmanlara bu ýerdäki Uly gyzlar gala we Kiçi gyzlar gala barada maglumatlar berildi.
Soňra myhmanlar gadymyýetde bu ýerde emele gelen ýaşaýyş şertler bilen tanyşdylar we sardobalara baryp gördüler. Gadymy Merw beýik şahsyýetleriň ýaşap geçen topraklary hasaplanýar. Myhmanlar Hoja Ýusup Hemedanynyň, şeýle hem sahabalaryň guburlaryna zyýarat etdiler.
Soltan Sanjaryň mawzoleýiniň öňünde guralan sergide myhmanlar türkmen milli tagamlary we olaryň taýýarlanyşy bilen tanyşdylar. Olaryň hatarynda pişme, tamdyrlama, palaw ýaly tagamlar bar. Esasanam, çöl şertlerine laýyklykda ýörite gurnalan ýerde, myhmanlar gömme işlekliniň taýýarlanyşy bilen tanyşdylar. Bu tagamdan dadyp gören myhmanlar oňa ýokary baha berdiler.
Şeýle-de, sergide myhmanlar türkmen milli lybaslary, milli senetçilik önümleri we olaryň ýasalyşy bilen tanyşdyryldy. Sergidäki türkmen gelin-gyzlarynyň taýýarlan haly önümleri we olaryň şaý-sepleri myhmanlaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy.
Türk kino ussatlary özleriniň taryhy filmleriniň düşürilişinde türkmen milli gymmatlyklaryndan peýdalanýandyklary we indiki filmlerinde ony hasam giňeltjekdiklerini bellediler. Soňra myhmanlar Soltan Sanjar mawzoleýi we onuň döreýiş taryhy bilen tanyşdylar.