Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli tutuş Diýarymyzda bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem dürli täsirli çäreler geçirilýär. Şeýle dabaralaryň biri Günbatar sebitiň merkezi Balkanabat şäherinde, Uly Balkan dagynyň eteginde ýerleşýän Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Balkan welaýat merkeziniň öňünde ýokary derejede guraldy.
Balkan welaýat häkimliginiň, welaýat medeniýet müdirliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Balkan welaýat merkeziniň bilelikde guran bu dabarasy «Türkmen alabaýy – halkymyzyň milli buýsanjy» diýlip atlandyryldy. Dabarada çykyş edenler oňa gatnaşyjylary Türkmen alabaýynyň baýramy bilen mähirli gutladylar hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şanly baýramy giňden belläp geçmäge döredip berlen ählitaraplaýyn döwrebap şertlerdir mümkinçilikler üçin özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Şonuň bilen birlikde, döwletli Diýarymyzda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmeginiň, onuň welaýatlarda täze, döwrebap merkezleriniň gurlup, ulanylmaga berilmeginiň taryhy ähmiýetiniň iňňän uludygyny buýsançly nygtadylar. Şeýle-de döwlet derejesindäki irginsiz aladalardan göwünleri galkynan balkanly ildeşlerimiz Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Balkan welaýat merkeziniň öňünde belentden tutulan aýdym-sazly dabara hem oňa gatnaşanlarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy. Sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän halk, Watan bähbitli, umumadamzat ähmiýetli ägirt uly işleriň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, onuň özgerdiji güýjüniň, şeýle-de şanly baýramyň, türkmen alabaýynyň, itşynaslyk sungatynyň, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň waspy ýetirildi. Halk döredijilik, tans toparlarynyň şowly çykyşlary-da dabaranyň şatlyk-şowhunyny has-da belende göterdi.
Ajaýyp milli däp-dessurlarymyza eýerilip tutulan alty ganat ak öýlerde, olaryň daş-töwereginde ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar, gyzykly çäreler toplumy hem baý mazmuna, aýratyn ähmiýete beslendi. Amaly-haşam sungatynyň, nusgalyk el işleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň we ýaşajyk suratkeşleriň taryhy eýýamymyzyň guwandyryjy ösüşlerini wasp edýän suratlarynyň sergilerine-de uly orun berildi. Olarda milli mirasymyza, şol sanda türkmen alabaýlaryna, senetkärlige degişli esbaplar, halyçylyk, zergärçilik, heýkeltaraşlyk hem-de sungatyň beýleki görnüşleri boýunça ýerleşdirilen işler örän täsirli, ýatda galyjy boldy.
PDF









