Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk durnukly ösüşiň we birek-birege hormat goýmagyň esasynda üstünlikli ösdürilýär. Iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary giňeltmek, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de dürli ugurlarda täze mümkinçilikleri açmak häzirki döwürde möhüm ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiziň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşmagy, şeýle hem «Merkezi Aziýa – Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşmagy türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açdy.
Şeýle hem bu saparyň çäklerinde «Türkmen-amerikan işewürler hyzmatdaşlygy: ösüşiň täze mümkinçilikleri we geljegi» atly işewürlik maslahaty geçirildi. Bu hem türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändiginiň alamatydyr.
Syýasy gatnaşyklar
Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Şondan bäri bu gatnaşyklaryň ösüşi parahatçylykly, deňhukukly hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar.
Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi – hemişelik Bitaraplyk we parahatçylykly diplomatiýa ýörelgeleridir. ABŞ bu syýasaty goldap, Türkmenistanyň sebitdäki durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine goşýan goşandyny ykrar edýär. Iki ýurt Birleşen Milletler Guramasynyň, ÝHHG-niň hem-de beýleki halkara düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk alyp barýarlar.
Syýasy ugurda ýokary derejeli duşuşyklar, maslahatlar we gepleşikler yzygiderli geçirilýär. Türkmen-amerikan gatnaşyklary sebitara howpsuzlyk, terrorçylyga garşy göreş, serhet howpsuzlygy, energetika we ulag diplomatiýasy ýaly möhüm meseleleri öz içine alýar. Şeýle-de iki ýurduň arasynda «Türkmenistan–ABŞ strategik dialogy» ýörelgesinde gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek boýunça netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk
Iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklar hem üstünlikli ösdürilýär. Türkmenistan bilen ABŞ-nyň işewür toparlarynyň gatnaşmagynda birnäçe ykdysady taslamalar amala aşyryldy. Şolaryň hatarynda energetika, nebit-gaz, ulag, kommunikasiýa, oba hojalygy we «sanly» ykdysadyýet ulgamlary aýratyn orun tutýar.
ABŞ-nyň «Boeing», «John Deere», «General Electric», «Case», «Caterpillar», «Oshkosh» ýaly iri kompaniýalary Türkmenistanda köp ýyldan bäri üstünlikli iş alyp barýarlar. Bu hyzmatdaşlyk diňe bir haryt alyş-çalyş bilen çäklenmän, häzirki zaman tehnologiýalarynyň we önümçilik tejribeleriniň ýurdumyza getirilmegine, ykdysady ösüşiň täze ugurlarynyň döredilmegine hem ýardam edýär.
Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda energetika howpsuzlygy, ykdysady hyzmatdaşlyk we ekologik ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşýan hökümetara topar hem üstünlikli iş alyp barýar. Şeýle duşuşyklar özara maýa goýumlary artdyrmak, täze söwda ugruny döretmek we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin oňyn mümkinçilikleri açýar.
Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar
Iki ýurduň gatnaşyklarynyň möhüm bölegi medeni-ynsanperwer gatnaşyklardyr. Türkmen-amerikan gatnaşyklary diňe bir resmi derejede däl, eýsem, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy arkaly hem ösdürilýär. ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen ýurdumyzyň degişli edaralarynyň arasynda ylym, bilim, sport we medeniýet ugurlarynda netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.
Medeniýet ulgamynda geçirilen sergiler, kino günleri, sungat festiwallary, sport ýaryşlary iki halkyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň pugtalanmagyna, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň artmagyna hyzmat edýär. Şeýle ynsanperwer gatnaşyklaryň netijesinde türkmen we amerikan halklarynyň arasynda gatnaşyklary ösdürmegiň täze köprüsi döredilýär.
Umuman alanyňda, türkmen-amerikan gatnaşyklary häzirki wagtda giň ugurlarda üstünlikli ösdürilýär. Syýasy gatnaşyklarda durnukly hyzmatdaşlyk, ykdysady gatnaşyklarda özara bähbitlilik, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarda bolsa ynanyşmak we dostluk ýörelgeleri baş ýörelge bolup çykyş edýär.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty we ABŞ-nyň global durnuklylygy goldaýan daşary syýasaty iki ýurduň gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösmegine berk binýat döredýär. Şeýlelikde, türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy diňe bir iki ýurduň däl, eýsem, bütin sebitde parahatçylygy, ösüşi we ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm gatnaşyklara öwrülýär.
Güljahan HOJAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň mugallymy.
PDF









