15-nji martda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, şu ýylyň 10 — 13-nji martynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmen-awstriýa işewürlik geňeşini döretmek, 2025-nji ýylda Türkmenistanda Awstriýa öýüni açmak, şu ýylyň iýun aýynda Wena şäherinde türkmen-awstriýa iş toparynyň 12-nji mejlisini geçirmek, dekabr aýynda bolsa awstriýaly işewürleriň Türkmenistana saparyny guramak, özara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kesgitleýän degişli resminamany taýýarlamak bilen bagly teklipleri hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini kanagatlanma bilen belledi we saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, şähergurluşyk, söwda-ykdysady ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Wenada geçirilen gepleşikleriň ýakyn geljekde köpugurly türkmen-awstriýa gatnaşyklaryny has-da berkitmäge ýardam berjekdigini belläp, hödürlenen teklipleri makullady we wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.