Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan milli gymmatlyklary täzeçe many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly: «Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr». Bu jümleler türkmen bedewiniň halkymyzyň ykbalyndaky ornuny doly açyp görkezýär. Şoňa görä-de, «At – myrat» diýen ýörelgäni döreden halkymyz özüniň iň nurana arzuwlaryny we beýik maksatlaryny hemişe ahalteke bedewleri bilen baglanyşdyrypdyr. Bedewler türkmen halkynyň ýaşaýyş ýörelgesiniň, medeniýetiniň we ruhy dünýäsiniň aýrylmaz bölegidir. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýörelgeleri we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty has-da belende galyp, bütin dünýäde dabaralanýar.

Türk­men hal­ky öz dur­mu­şy­ny be­dew at­syz göz öňü­ne ge­tir­män­dir. Hal­ky­myz şat­lyk­ly gü­nün­de da­ba­ra­ly toý tu­tup, at çap­dy­ryp­dyr, asyr­la­ryň do­wa­myn­da hal­kyň gö­wün gu­şy atyň ba­dy bi­len ga­nat­lan­dy­ry­lyp­dyr. Wa­ta­nyň üs­tü­ne howp aba­nan­da bol­sa, är ýi­git­ler özü­niň syr­daş be­de­wi­ne at­la­nyp ýurdy go­rap­dyr­lar. Şeý­le pur­sat­lar­da be­dew at ýi­git üçin iň we­pa­dar gar­daş hem syr­daş ha­sap­la­nyp­dyr.
Hal­ky­my­zyň ze­hi­ni we yh­la­sy bi­len ke­ma­la ge­ti­ri­len ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň ta­ry­hy örän uzak­lar­dan göz­baş al­ýar. Bu be­dew­ler dün­ýä at­şy­nas­ly­gy­nyň öze­ni bol­mak bi­len, owa­dan­ly­gy, çy­dam­ly­ly­gy we çe­ýe­li­gi ba­bat­da beý­le­ki to­hum­lar­dan düýp­li ta­pa­wut­lan­ýar.
Ahal­te­ke be­dew­le­ri ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri türk­men ede­bi­ýa­ty­nyň we nus­ga­wy şa­hyr­la­ry­my­zyň yl­ham çeş­me­si bo­lup, «Gor­kut ata», «Gö­rog­ly» şa­des­san­la­ryn­da eder­men­li­giň hem-de we­pa­ly­ly­gyň nus­ga­sy hök­mün­de su­rat­lan­dy­ryl­ýar. Be­ýik akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy özü­niň «Aty ge­rek» at­ly goş­gu­syn­da goç ýi­gi­di be­dew at­syz göz öňü­ne ge­tir­me­giň müm­kin däl­di­gi­ni nyg­ta­ýar. Şeý­le hem Seý­di, Mag­ru­py, Mol­la­ne­pes, Mä­tä­ji ýa­ly söz us­sat­la­ry­nyň dö­re­di­ji­li­gin­de be­dew­le­riň was­py be­lentden ýaň­lan­ýar. Gahryman Arkadagymyzyň «At­da we­pa-da bar, sa­pa-da» at­ly ki­ta­byn­da: «Ahal­te­ke be­de­wi – eý­ýam­la­ryň be­de­wi. Olar­da äh­li dö­wür­le­riň tej­ri­be­si jem­le­nen­dir» di­ýip bel­le­me­gi be­dew­le­riň dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň gen­ji-ha­zy­na­sy­dy­gy­ny tas­syk­la­ýar. Şeý­le hem Mil­li Li­de­ri­miz «Ga­da­my bat­ly be­dew» atly ese­rin­de: «Dün­ýä giň hem müň öwüş­gin­li, tä­sin ma­na baý­dyr! El bi­len dö­re­dip bol­ma­jak haý­ran gal­dy­ry­jy saz­la­şyk­ly ýa­şaý­şyň men­zil­le­rin­den my­na­syp öt­me­gi üçin, ja­ny­ňa jan goş­ýan üç ba­da­şy­gyň bi­ri hem be­dew­dir» di­ýip, be­de­wiň yn­san ru­hun­da­ky ornuny be­ýan ed­ýär.
Ýur­du­myz­da at­çy­ly­gy we at­çy­lyk spor­tu­ny ös­dür­me­giň hu­kuk, yk­dy­sa­dy we gu­ra­ma­çy­lyk esas­la­ry­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Aras­sa gan­ly to­hum at­la­ryň ge­no­fon­du­ny go­rap sak­la­ma­ga gö­nük­di­ri­len «At­çy­lyk we at­çy­lyk spor­ty ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň ka­bul edil­me­gi bu ugur­da­ky gat­na­şyk­la­ry düz­gün­leş­dir­mek­de ta­ry­hy ädim bol­dy. Bu Ka­nun to­hum­çy­lyk işi­ni kä­mil­leş­dir­mek, mil­li öze­ni go­rap sak­la­mak we kö­pelt­mek üçin hu­kuk ke­pil­lik­le­ri­ni dö­ret­di. Ar­ka­dag şä­he­rin­de bi­na edi­len Aba An­na­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra at­çy­lyk aka­de­mi­ýa­sy, At­çy­lyk yl­my önüm­çi­lik mer­ke­zi hem-de Gö­rog­ly adyn­da­ky döw­let at­çy­lyk sir­ki bu pu­da­gy yl­my esas­da ös­dür­mek­dä­ki nus­ga­lyk iş­le­riň buý­sanç­ly da­ba­ra­lan­ma­sy­dyr. Aba An­na­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra at­çy­lyk aka­de­mi­ýa­syn­da «Ahal­te­ke at­la­ry – pa­ra­hat­çy­ly­gyň il­çi­le­ri» at­ly ÝU­NES­KO klu­bu­nyň dö­re­dil­me­gi bol­sa, türk­men hal­ky­nyň me­de­ni-ru­hy bi­te­wü­li­gi­ni da­ba­ra­lan­dyr­ýar. Mun­dan baş­ga-da, «Ahal­te­ke at­çy­lyk sun­ga­ty we at­la­ry be­ze­mek däp­le­ri­niň» ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi hal­ky­my­zyň gym­mat­lyk­la­ry­nyň dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki äh­mi­ýe­ti­ni has-da ber­kit­di.
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ahal­te­ke at­çy­lyk top­lu­my­nyň «Gal­ky­nyş» mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry 2007-nji ýyl­da dö­re­di­le­nin­den bä­ri türk­men be­dew­le­ri­niň at-ab­ra­ýy­ny bü­tin dün­ýä ýa­ýyp gel­ýär. To­pa­ryň ze­hin­li ýaş­la­ry mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­la­ryň – ça­pyp bar­ýan atyň üs­tün­de dür­li aşy­rym­lar et­mek, çyl­şy­rym­ly til­sim­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek ýa­ly ga­dy­my sun­ga­ty tä­ze­çe ös­dür­ýär­ler. Hal­ky­my­zyň göz gu­wan­jy­na de­ňel­ýän be­hiş­di be­dew­ler dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň gaý­ta­lan­ma­jak tä­sin­li­gi hök­mün­de yk­rar edil­ýär. Ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň dün­ýä at­şy­nas­ly­gy­nyň ta­ry­hyn­da mö­hüm or­ny eýe­län­di­gi­ni, uzak ara­lyk­lar bo­ýun­ça ýö­riş­le­re gat­na­şyp, çy­dam­ly­ly­gy­ny we dur­nuk­ly­ly­gy­ny gör­ke­zen­di­gi­ni aý­ra­tyn bel­le­mek ge­rek. Olar öz­bo­luş­ly be­den gur­lu­şy, ýu­ka de­ri­si, ýü­pek ýa­ly ýal­la­ry we ga­myş­gu­lak­ly­gy bi­len haý­ra­n galdyr­ýar. Be­dew­ler di­ňe bir gö­zel­li­giň däl, eý­sem, ba­tyr­ly­gyň, mert­li­giň hem nus­ga­sy­dyr. Dün­ýä­niň iň ab­raý­ly at­şy­nas­la­ry ahal­te­ke to­hu­my­nyň beý­le­ki köp san­ly at to­hum­la­ry­nyň, şol san­da iň­lis aty­nyň hem ke­ma­la gel­me­gi­ne düýp­li tä­sir eden­di­gi­ni yl­my esas­da tas­syk­la­ýar­lar. Şo­nuň üçin hem türk­men be­de­wi dün­ýä at me­de­ni­ýe­ti­niň sa­ka­syn­da du­ran gym­mat­lyk­dyr.
Hä­zir­ki wagt­da Ar­ka­dag şä­he­rin­de açy­lan Aba An­na­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra at­çy­lyk aka­de­mi­ýa­syn­da ta­lyp­la­ryň at mün­me­giň ýo­ka­ry mek­de­bi­niň til­sim­le­ri­ni, emel­le­ri­ni we syr­la­ry­ny öz­leş­dir­mek­le­ri üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­di. Bu ýer­de bi­lim al­ýan ýaş­lar di­ňe bir at çap­ma­gy däl, eý­sem, be­dew­le­ri iý­mit­len­dir­me­giň, se­ýis­le­me­giň we idet­me­giň yl­my esas­la­ry­ny öw­ren­ýär­ler.
Ata-ba­ba­la­ry­myz­da «Mal eýe­si­niň gö­zün­den suw içer» di­ýen söz bar. Ahal­te­ke at­la­ry bi­len eýe­si­niň ara­syn­da­ky bag­la­ny­şy­gy söz bi­len be­ýan edip bol­ma­ýar. Be­de­w örän syz­gyr­ly­gy, duý­gur­ly­gy we eýe­si­ne we­pa­ly­ly­gy bilen tapawutlan­ýar. Be­dew at – türk­men hal­ky­nyň kö­ňül gu­şy, ar-na­my­sy, uçar ga­na­ty, syr­da­şy hem we­pa­dar ýol­da­şy­dyr. «Be­de­we go­wy se­ret­seň, ba­kyp-be­jer­seň, ol sa­ňa zür­ýa­dyň ýa­ly hem syr­daş, hem ýol­daş bo­lar» di­ýen ýö­rel­ge bi­len ýe­tiş­di­rilen be­dew­le­r hä­zir­ki wagt­da döw­let­li­li­giň we we­pa­ly­ly­gyň ny­şa­ny­dyr. At­çy­lyk spor­tu­nyň, at üs­tün­de oý­nal­ýan mil­li oýun­la­ryň, se­ýis­çi­li­giň we ça­pyk­su­war­çy­lyk sun­ga­ty­nyň ös­dü­ril­me­gi bu ul­ga­ma uly üns be­ril­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär.
Be­dew ba­dy bi­len öňe bar­ýan ýur­du­myz­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler hal­ky­my­zy buý­san­dyr­ýar we tä­ze sep­git­le­re ruh­lan­dyr­ýar. Kä­ri­ne us­sat ha­ly­pa at­şy­nas­la­ry­my­za «Türk­me­nis­ta­nyň halk at­şy­na­sy», «Türk­me­nis­ta­nyň us­sat ha­ly­pa ça­pyk­su­wa­ry» ýa­ly hor­mat­ly at­la­ryň be­ril­me­gi bu asyl­ly kä­riň eýe­le­ri­ne go­ýul­ýan sar­pa­nyň ny­şa­ny­dyr. Ahal­te­ke at­la­ry­nyň muş­dak­la­ry­nyň sa­ny di­ňe bir ýur­du­myz­da däl, eý­sem, da­şa­ry ýurt­lar­da-da bar­ha art­ýar. Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň mej­lis­le­ri we yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän bäs­le­şik­ler bu gat­na­şyk­la­ryň tä­ze de­re­jä çy­kýan­dy­gy­ny su­but ed­ýär.
Ýer ýü­zün­de be­hiş­di be­dew­le­ri­mi­ziň şan-şöh­ra­ty­ny be­len­de gal­dyr­ýan, mil­li mi­ra­sy­my­zy go­rap sak­la­ýan we ony gel­jek­ki ne­sil­le­re ýe­tir­ýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­sun, alyp bar­ýan tu­tum­ly iş­le­ri he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Ýunus Muhammedow,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.