4-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda we Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde bolup, «At – myrat» okuw merkeziniň çagalary, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy.
Ir bilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň ýapyk manežine gelende, Milli Liderimizi akademiýanyň rektory P.Baýramdurdyýew we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejepow mähirli garşyladylar.
Ýapyk manežde «At – myrat» okuw merkeziniň çagalary Gahryman Arkadagymyzy şatlyk-şowhun bilen mübäreklediler. Merkeziň ýolbaşçysy öz aralaryna gelip, bu ýerde alnyp barylýan işler bilen gyzyklanýandygy we ýaşlara milli atşynaslyk däplerini ylmy esasda öwretmek ugrunda döredilýän şertler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi. Häzirki döwürde hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň garamagynda bolan, milli atşynaslaryň täze nesliniň kemala gelmeginde möhüm orun eýeleýän «At – myrat» okuw merkezi atşynaslyk bilen gyzyklanýan ýaşlary özünde jemleýär. Atçylyga höwes edýän çagalar çapyksuwarlyk, milli at üstündäki oýunlar, atly sporty özleşdirmek ýaly ugurlar boýunça tälim alýarlar.
Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde bilim alýan çagalaryň okuwlary, olaryň milli atşynaslyk däplerini çuňňur özleşdirmekleri babatda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy.
Merkeziň ýolbaşçysy milli we dünýä atçylyk sungatynyň usullaryny, iňlis, rus dillerini, matematika, himiýa derslerini özleşdirmek, çagalaryň kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn esasda geçilýän okuwlar barada giňişleýin maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, merkezde okuwlar möwsümleýin esasda alnyp barlyp, her möwsümde okamaga isleg bildirýän çagalaryň sany 40-dan geçýär.
«At – myrat» okuw merkeziniň ýaş mugallymlarynyň biri Arkadag şäherinde çagalara degişli ugurlar boýunça bilim-terbiýe bermek bilen bir hatarda, milli atçylyk ugry boýunça ylmy iş bilen meşgullanmak üçin hem ägirt uly mümkinçilikleriň döredilendigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize merkeziň mugallymlarynyň adyndan hoşallygyny bildirdi.
Milli Liderimiz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda merkezde bilim alýan çagalar bilen duşuşmak üçin ýörite gelendigini aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde ýurdumyzda ýaşlarda ahalteke bedewlerine söýgini döretmek ugrunda ägirt uly işleriň alnyp barylýandygyny, ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almaklary, okuwdan boş wagtlaryny netijeli peýdalanmaklary üçin zerur şertleriň döredilýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, bedewe atlanan ýaşlarda mertlik, batyrlyk ýaly häsiýetler kemala gelýär. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň «At – myrat» okuw merkezi hem ýaşlara dürli ugurlar boýunça bilim bermekde netijeli işleri alyp barýar.
Milli Liderimiz bu ýerde çagalaryň atçylyga degişli hünärleri saýlap almaklary üçin hemme mümkinçilikleriň döredilendigini aýdyp, olarda bedewlere söýgini artdyrmak maksady bilen, okuw merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan 1 million 500 müň manat möçberinde pul sowgadynyň berilýändigini aýtdy. Gahryman Arkadagymyz ata höwesli ýaşlara niýetlenen sowgady gowşurdy we «Sylaglaryňyz gutly bolsun, nesip etsin!» diýip, olara hoşniýetli arzuwlaryny beýan etdi.
«At – myrat» okuw merkeziniň ýolbaşçysy we bu ýerde bilim alýan ýaşlar bildirilen hormat-sylag üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler. Şeýle hem olar döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ussat atşynaslar, ökde çapyksuwarlar bolup ýetişmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. Haýyr-sahawat gaznasynyň gönükdiren bu serişdeleri okuw merkeziniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da berkidilmegine, ýaşlaryň sanly ulgamy işjeň özleşdirmeklerine ýardam berer.
Soňra Gahryman Arkadagymyz merkeziň ýolbaşçylarynyň we okuwçylaryň haýyşy boýunça olar bilen iki sany bedewiň ýanynda ýadygärlik surata düşdi. Munuň özi ykbalyny atçylyga baglamak isleýän ýaşlaryň saýlap alan hünärine höwesiniň, ýurdumyzda ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýulýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy merkezde bilim alýan ýaşlara milli atşynaslyk däplerini içgin özleşdirmekde we ony has-da ösdürmekde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine tarap ugrady.
Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine gelende, Gahryman Arkadagymyz «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary tarapyndan mähirli garşylanyldy.
Milli Liderimiz toparyň agzalary bilen mähirli salamlaşyp, olary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji günlerinde gelip gowşan hoş habar bilen tüýs ýürekden gutlady. Mälim bolşy ýaly, Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy bagtyýar halkymyz üçin ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy.
Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, «At – myrat» okuw merkeziniň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň döredilmeginiň ýaşlaryň atçylyk, atşynaslyk sungaty boýunça bilimini kämilleşdirmäge ýardam edýändigini aýdyp, häzirki döwürde ýurdumyzda türkmen bedewiniň şanyna toýlaryň uludan tutulýandygyny, şolaryň esasy bezeginiň bolsa «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparydygyny nygtady.
Duşuşykda toparyň agzalarynyň atşynaslyk sungatyny ösdürmek ugrunda uly işleri alyp barýandyklary, olaryň at üstünde görkezýän oýunlarynyň dünýä halklaryny haýran galdyrýandygy, toparyň ençeme halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, Baş baýraklara mynasyp bolandygy bellenildi. Milli atçylyk sungatyny ösdürmek babatda mundan beýläk-de uly işler durmuşa geçiriler. «Türkmen milli atçylyk sungatynyň at-abraýyny belende galdyrmakda alyp barýan işleriňiz üçin hormatly Prezidentimiz sizi gutlap, öz minnetdarlygyny bildirdi. Döwlet Baştutanymyz toparyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek maksady bilen, sizi 3 million manat bilen sylaglamak barada karara geldi» diýip, Gahryman Arkadagymyz degişli çözgüdi mälim etdi.
Milli Liderimiz «Şa serpaýyňyz gutly bolsun! Nesip etsin!» diýip, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysyna onuň agzalarynyň mynasyp bolan sylagyny hem-de toparyň agzalarynyň her birine nepislik bilen ýasalan at eýerlerini gowşurdy.
«Galkynyşyň» ýolbaşçysy milli atçylyk sungatyny dünýä ýaýmak we ony ösdürmek ugrunda döredilýän mümkinçilikler, döwlet tarapyndan berilýän goldaw hem-de Şa serpaýy üçin toparyň agzalarynyň we ähli atşynaslaryň adyndan hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözlerini beýan etdi. Şeýle-de ol türkmen atçylyk sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek, halkara derejede geçirilýän bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, milli atşynaslyk ýörelgeleriniň, ahalteke atlarynyň abraýyny belende galdyrmak ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyryp, Gahryman Arkadagymyzdan özleri bilen ýadygärlik surata düşmegini haýyş etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri manežde Garaşsyz atly ajaýyp bedewe atlanyp, olaryň arasyna geldi. Toparyň agzalary Gahryman Arkadagymyzyň daşynda jem bolup, bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bedewe atlanyp, manežiň aýlawynda öwrüm etdi. Ynsan gylykly bedew aýaklary bilen gelşikli oýun edip, ynsan bilen bedewiň arabaglanyşygyny äşgär etdi. Milli atşynaslyk däpleriniň özboluşly mekdebini döreden Aba Annaýewiň ajaýyp atlary ösdürip ýetişdirendigini, ömrüni atşynaslyga bagyşlan ussat seýsiň elinden çykan bedewiň ady rowaýata öwrülen Gelşikli atly bedewiň nesil ugrunyň gözbaşynda durýandygyny taryhy maglumatlar tassyklaýar. Hormatly Arkadagymyzyň bedewe atlanan pursatlary hem häzirki bagtyýar zamanamyzda peder-perzent ýolunyň döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändigini aýdyň görkezýär.
Soňra Gahryman Arkadagymyz toparyň agzalaryna Garaşsyz atly ajaýyp bedewi sowgat hökmünde gowşurýandygyny aýtdy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyza 35 ýyl bolýandygy nazara alnanda, bu sowgat ýurdumyzyň ösüşleriniň özboluşly nyşany bolup durýar.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýewiň we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejepowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda atçylyk bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
PDF









