Häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri parahatçylygy pugtalandyrmak, dostlukly gatnaşyklary giňeltmek hem-de döwletleriň arasyndaky dost-doganlygy berkitmekden ybaratdyr. Hut şu belent maksatlaryň esasynda şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäherinde ýokary derejeli forum geçiriler. Bu giň möçberli halkara çäre dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekip, Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň merkezleriniň biri hökmünde halkara abraýyny has-da belende göterer. Türkmenistanyň daşary syýasatynyň özenini hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri düzýär. Ýurdumyzyň öňe sürýän «Parahatçylyk – ösüşiň kepili», «Ynanyşmak – hyzmatdaşlygyň açary» ýaly başlangyçlary halkara derejede giň goldaw tapýar. Şu esasda geçiriljek Halkara forumyň esasy maksady dünýä ýurtlarynyň arasyndaky ynanyşmak dialogyny ösdürmek, özara hormat goýmak ýörelgelerini pugtalandyrmak we parahatçylygyň medeniýetini giňden wagyz etmekdir.
Foruma dünýäniň dürli ýurtlaryndan ýokary derejeli wekiliýetleriň, halkara guramalaryň, BMG-niň edaralarynyň hem-de ylmy we jemgyýetçilik ulgamynyň wekilleri gatnaşar. Çärede häzirki döwrüň möhüm meseleleri – sebitara durnuklylygy üpjün etmek, ynanyşmak diplomatiýasyny ösdürmek, parahatçylykly hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini döretmek ýaly ugurlar ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle-de foruma gatnaşyjylar dünýäde durnukly ösüşiň, ekologiýa howpsuzlygynyň we jemgyýetleriň arasyndaky ynanyşmagyň orny barada pikir alşarlar.
Türkmenistan alyp barýan oňyn daşary syýasaty arkaly halkara gatnaşyklarda ynanyşmagyň we bitaraplygyň öňüni çekýän döwlet hökmünde tanalýar. 2025-nji ýylyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bu ugurda ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýynyň subutnamasydyr.
Aşgabatda geçiriljek halkara forumyň aýratyn ähmiýeti onuň dünýä derejesindäki platforma hökmünde çykyş etmegindedir. Bu çäre Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän «Parahatçylyk üçin diplomatiýa», «Suw diplomatiýasy» we «Energetika howpsuzlygy» ýaly möhüm başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine ýardam berer.
Foruma taýýarlyk işleri ýurdumyzyň ähli degişli edaralary tarapyndan giňden alnyp barylýar. Forumyň çäklerinde tematik oturylyşyklar, halkara maslahatlar, sergiler we metbugat çykyşlary guralar. Şeýle-de foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň parahatçylyk syýasaty, jemgyýetçilik ösüşi, ykdysady we medeni hyzmatdaşlyk tejribesi bilen giňden tanşarlar.
Bu halkara forumyň üstünlikli geçirilmegi diňe bir ýurdumyzyň abraýyny ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýä derejesinde durnukly parahatçylygyň, ynanyşmagyň, dost-doganlygyň pugtalanmagyna uly goşant bolar. Türkmenistan häzirki wagtda diňe bir sebitde däl, eýsem, dünýä giňişliginde hem ynanyşmak diplomatiýasynyň möhüm merkezi hökmünde çykyş edýär. Bu ýagdaý ýurdumyzyň döwletara gatnaşyklarda öňe sürýän döredijilikli teklipleriniň, ynsanperwer ýörelgeleriniň we parahatçylyk ýolunda alyp barýan netijeli işleriniň aýdyň subutnamasydyr.
Şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek ýokary derejeli halkara forumy hem-de baýramçylyk çäreleri halkymyzyň abadan durmuşynyň, ählumumy asudalygyň, durnukly ösüşiň bähbidine dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygynyň, türkmen Bitaraplygynyň bütin dünýä uzaýan egsilmejek parahatçylyk dörediji kuwwatynyň täze sahypasynyň aýdyň nusgasy bolar.
Gülnara ATAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň mugallymy.
PDF









