Her bir hal­kyň mil­li keş­bi­ni, ta­ry­hy­ny we me­de­ni mi­ra­sy­ny sak­la­ýan iň gym­mat­ly ha­zy­na­sy onuň di­li­dir. Türk­men di­li hal­ky­my­zyň ru­hy baý­ly­gy­nyň, aň-paý­ha­sy­nyň we mil­li aý­ra­tyn­ly­gy­nyň aý­dyň be­ýa­ny­dyr. Şo­nuň üçin ýaş ne­sil­ler­de türk­men di­li­ne, ede­bi­ýa­ty­na we me­de­ni mi­ra­sy­na bo­lan söý­gi­ni, gy­zyk­lan­ma­ny hem-de hor­ma­ty ös­dür­mek döw­let de­re­je­sin­de mö­hüm we­zi­pe bo­lup dur­ýar. Hä­zir­ki dö­wür­de jem­gy­ýet­de yl­my-teh­no­lo­gi­k ösüş­ler bi­len bir­lik­de, ýaş­la­ryň dü­şün­je dün­ýä­si­ne tä­ze mag­lu­mat çeş­me­le­ri tä­sir ed­ýär. Şeý­le şert­ler­de mil­li di­li­mi­zi we ede­bi mi­ra­sy­my­zy ýaş­la­ra döw­re­bap, gy­zyk­ly we dö­re­di­ji­lik­li gör­nüş­de ýe­tir­me­giň äh­mi­ýe­ti örän ulu­dyr.
Türk­men di­li we ede­bi­ýa­ty sa­pak­la­ry di­ňe bir dil öw­ret­mek däl, eý­sem, şah­sy­ýe­tiň ah­lak, me­de­ni we wa­tan­çy­lyk taý­dan kä­mil­leş­me­gi­niň hem esa­sy gu­ra­ly­dyr. Bu sa­pak­la­ryň do­wa­myn­da okuw­çy halk dö­re­di­ji­li­gi­niň baý dün­ýä­si bi­len ta­nyş­ýar, ýa­zy­jy-şa­hyr­la­ryň dö­re­di­ji­li­gi­ni öw­ren­ýär, dil we dü­şün­je baý­ly­gy­ny ös­dür­ýär, dö­re­di­ji­lik­li pi­kir­len­me­gi we öz pi­ki­ri­ni çe­per be­ýan et­me­gi öw­ren­ýär. Ede­bi­ýat ýaş­la­ryň söz baý­ly­gy­ny art­dyr­mak bi­len bir­lik­de, duý­gu­daş­lyk, yn­san­per­wer­lik, zäh­met­sö­ýer­lik, wa­tan­sö­ýü­ji­lik ýa­ly ru­hy gym­mat­lyk­la­ry hem siň­dir­ýär.

Okuwçylaryň höwesini artdyrmagyň netijeli usullary
1.Di­li we ede­bi­ýa­ty öw­red­ýän mu­gal­lym­lar sa­pak­la­ry­ny diň­leý­ji­ni gy­zyk­lan­dyr­ýan gör­nüş­de ge­çir­me­li­dir. Tes­wir­li oýun­lar, to­par­la­ra bö­lü­nen dö­re­di­ji­lik ýa­ryş­la­ry, ses­li okuw­lar, in­te­rak­tiw so­wal­lar, sah­na çy­kyş­la­ry ýa­ly usul­lar okuw­çy­la­ryň iş­jeň­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ýar.
2.Türk­men di­li­ne ba­gyş­la­nan çä­re­le­ri (dil gü­ni, şa­hyr­la­ryň ha­ty­ra gün­le­ri, ede­bi ag­şam­la­ry) ge­çir­mek okuw­çy­lar­da mil­li buý­sanç duý­gu­sy­ny art­dyr­ýar.
3.Dö­re­di­ji­lik bäs­le­şik­le­ri okuw­çy­la­ryň uky­by­ny ýü­ze çy­kar­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bäs­le­şik­ler­de üs­tün­lik ga­za­nan okuw­çy­lar dil we ede­bi­ýat sa­pak­la­ry­na aý­ra­tyn hö­wes bi­len gat­naş­ýar­lar, bu bol­sa beý­le­ki okuw­çy­la­ra hem tä­sir ed­ýär.
4.Okuw­çy­la­ryň san­ly se­riş­de­ler ar­ka­ly dil öw­ret­mek tä­sir­li usul­la­ryň bi­ri­dir. Elekt­ron ki­tap­lar, ses ýaz­gy­ly ede­bi­ýat­lar, on­laýn test­ler we in­te­rak­tiw mag­lu­mat plat­for­ma­la­ry ar­ka­ly okuw­çy­la­ryň gy­zyk­lan­ma­sy art­ýar.
5. Mu­gal­ly­myň türk­men di­li­ne bo­lan söý­gü­si, dö­re­di­ji­lik­li çe­me­leş­me­si we me­de­ni de­re­je­si okuw­çy­la­ra ru­hy tä­sir ed­ýär.
Dö­re­di­ji­lik­li okuw usul­la­ry, döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk san­ly müm­kin­çi­lik­ler, me­de­ni çä­re­ler ýaş ne­sil­de öz di­li­ne bo­lan söý­gi­ni we buý­sanç duý­gu­sy­ny ös­dü­ril­ýär. Söý­gi bi­len öw­re­ni­len dil di­ňe bir ara­gat­na­şyk se­riş­de­si däl, eý­sem, hal­kyň ru­hy baý­ly­gy­nyň do­wam­ly­ly­gy­ny üp­jün ed­ýän be­ýik mi­ras­dyr.

Çynar ÇARYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 44-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.