Taryhy bäş müň ýyldan hem aňyrdan gaýdýan türkmen halky owadan, ýyndam atlary bilen ähli döwürlerde-de meşhurlyk gazanypdyr. Müňýyllyklaryň dowamynda türkmen atşynaslary owadanlygy we ýyndamlygy bilen dünýä halklaryny haýrana goýýan dal bedewleri ýetişdirip, olaryň tohum arassalygyny saklap, barha kämilleşdirip, nesilden-nesle ýetiripdirler.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplarynda behişdi bedewlerimiz barada gymmatly maglumatlar berilýär. Gahryman Arkadagymyz «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda: «Bu dünýäde çapylýan bedew atlaryň ähli görnüşli tohumlarynyň, şol sanda arap, iňlis atlarynyň hem ahalteke bedewlerinden gelip çykandyklaryny tassyklaýan maglumatlar bar» diýip belleýär.
Ahalteke bedewleri türkmen edebiýatynda, şol sanda «Gorkut ata», «Görogly» şadessanlarynda, Magtymguly, Seýdi, Magrupy, Mollanepes we Mätäji ýaly nusgawy şahyrlaryň goşgularynda giňden wasp edilipdir.
Magtymguly Pyragy «Aty gerek» atly goşgusynda goç ýigidi bedew atsyz göz öňüne getirmeýär:
At gazanar goç ýigidiň
Owal bedew aty gerek,
Gelene garşy çykmaga,
Ýagşy muhabbeti gerek.
Seýdi «Üsti bedewiň» goşgusynda bedew aty hemmetaraplaýyn taryp edýär. Şahyr ata gowy seredip, eýer-esbabyny ýerbe-ýer edip münseň, onuň üstüniň Süleýmanyň tagtyndan kem däldigini şeýle taryp edýär:
Münende şaý bolsa tükel esbaby,
Tagty – Süleýmandyr üsti bedewiň,
Jul eýleseň, atlaz ile zerbaby,
Şonda biarmandyr üsti bedewiň.
Magrupynyň «Ýigide gaýratdyr bedew» diýen goşgusynda:
Kakdyryp nalyn kümüşden,
lýmiti dürli iýmişden.
Ýüwrüşi artykdyr guşdan,
Bahar öwsen batdyr bedew–
diýip, bedewiň ýyndamlygyny bahar şemalyna meňzedýär.
Mollanepes «Bedew» atly goşgusynda:
Käkilik deý ýorgalap, boz balaman deý bakyşyň,
Mislini destan edeý, misli jeren deý böküşiň.
Ýola düşseň, ýorgalaýşyň – käkilik deý sekişiň,
Ýoldaşa haýbat urar, üýşülse bedew –
diýip, bedew atyň hereketlerini, çalasynlygyny käkilige, boz balamana, çarpaýa galşyny keýige meňzedýär.
Şu meselede Mätäji şahyr has hem öňe saýlanýar. Ol bedewiň daş sypatyny şeýle taryp edýär:
Men şu gün waspyňny aýdaý turpa nyşanly bedew,
Zinkesi zerbapdan olgan, gyrmyzy jully bedew,
Segredip meýdana çyksa, üsti şemally bedew,
Şalara tarypy ýetgen, şahymar dilli bedew,
Bili syk, boýy deraz, sagrysy meýdanly bedew.
Annagylyç Mätäjiniň «Bedew» diýen şygry türkmen atlary hakynda ýazylan ajaýyp eserleriň biri bolup, türkmen nusgawy şygryýetinde mynasyp orun eýeledi.
«Görogly» şadessanynda bedew ata ynsan häsiýetleri berilýär. Heniz taý wagtyndan Gyratyna Göroglynyň ünsi gidýär. Onuň özüne mynasyp bedew at bolup ýetişmegi barada arzuw edýär. Birkemsiz bejerip-besleýär, terbiýeleýär. Onuň yhlasy ýerine düşýär, Gyrat garaşylyşyndan hem gowy at bolup ýetişýär. Agyr söweşlerde agzyny hatap ýaly açyp, duşman üstüne topulmak bilen, Göroglynyň ýeňişlerine öz hemaýatyny ýetirýär. Kynçylykly ýagdaýlarda-da Göroglyny agyr howplardan halas edýär. Görogly çykgynsyz ýagdaýa düşende, Gyratdan hemaýat isleýär. Gyrat onuň dadyna ýetişýärem. Mysal üçin, şadessanda şum kempir Gyraty ogurlap, ony syrdaşyndan jyda düşürýär. Ol aýralyk gerçek Görogla doganyndan aýrylan ýaly agyr düşýär, bedewi bilen geçilen gahrymançylykly ýollary ýatlap, şeýle diýýär:
Dez berende, Aral çaýdan geçerdiň,
Köşk-galalaň üstaşyry uçardyň,
Jeňde aždarha deý agzyň açardyň,
Islegenim, soraganym, Gyratym!
Şadessanyň meşhur halk aýdymyna öwrülen «Gyrat, meni Çandybile sen ýetir» diýen goşgusy Görogly agyr ýaraly bolup, ejir çeken wagty aýdylan namadyr. Görogly beg bu kynçylykly pursatda hem öz derdini Gyrat bilen paýlaşmak bilen:
Çandybile az galypdyr aramyz,
Hakyň takdyryna nädir çärämiz,
On sekiz ýermizden düşdi ýaramyz,
Gyrat, meni Çandybile sen ýetir! –
diýip, ondan haraý isleýär. «Gorkut ata» şadessanynyň «Baý Bugra beg ogly Bamsy Birek» boýunda Birek öz aty bilen sözleşýär. Ony taryp edýär. Ol atyna şeýle ýüzlenýär:
Äri myrada ýetirer seniň arkajygyň,
At diýmezden saňa, gardaş diýerem,
Gardaşymdan ýeg,
Başyma iş geldi, ýoldaş diýerem,
Ýoldaşymdan ýeg.
Halk döredijiliginde at öz eýesiniň diňe bir göwün göteriji ganaty bolmakdan daşgary, eýeleriniň her biriniň aýratynlykda we tutuş halkyň umumylykda ýaşaýyş-durmuş ýagdaýlaryny kepillendirýän hemişelik hemrasy bolupdyr. «Oguznamada» Oguz hanyň gylbaraklylara garşy söweş wakalaryny, «Gorkut ata» şadessanynda her urugyň, taýpanyň ýa-da her bir adamyň mertebe derejesine görä reňkler bilen bellenen atlarynyň bolandygyny, «Görogly» şadessanynda bedew atlaryň gahrymanlaryň hereketleri, maksat-myratlary bilen berk arabaglanyşykda görkezilýändigini muňa mysal görkezmek bolar.
XX asyr türkmen edebiýatynda hem bedew atyň ençeme şowly keşpleri döredildi. Muňa B.Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romanynyň baş gahrymany Artyk Babalynyň alaşasyny mysal getirmek bolar. Artyk Babaly öz alaşasyny eý görýär, bakyp-bejerýär. Mysal üçin, söýgülisi Aýna elden gitjek bolanda, ony öz alaşasy bilen halas edýär. Alaşany ak patyşanyň nökerleri özleri münmek üçin elinden alanlarynda, Artyk Babaly juda gynanýar. Munuň özi türkmen jigidiniň at bilen bagrynyň badaşandygyny görkezýär.
Ussat ýazyjy Ata Gowşudow hem «Dordepel» powestinde owadan, düşbi, ýyndam ahalteke bedewiniň keşbini döretmegi başarypdyr. Onda halkymyzyň hasratly geçmişinde bedew atlaryň bitiren hyzmatlary çeper beýan edilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe göz guwanjymyz bolan bedewlerimiz toý-baýramlaryň bezegine, ýaraşygyna öwrüldi. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde eziz Diýarymyzda Türkmen bedewiniň baýramy giňden bellenilýär. Arkadag şäherinde sebitde atçylyk we atly sport boýunça ýokary hünärmenleri taýýarlaýan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň açylmagy hem-de oňa şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewleriniň ugurbaşy nesillerini döreden meşhur halypa seýis, ussat atşynas Aba Annaýewiň adynyň dakylmagy ýurdumyzda halypa atşynaslara goýulýan belent sarpadan nyşandyr.
Aýsona SERDAROWA,
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň mugallymy.
PDF









