Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani öz ýurdunda bolup geçýän wakalar mynasybetli metbugat duşuşygyny geçirdi.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen metbugat brifinginde Eýranyň ilçisi Ruzbehani öz ýurdunda bolup geçýän ýagdaýlar barada maglumat berdi.
Diplomat Ýakyn Gündogar sebitinde ýüze çykan wakalaryň döwründe Eýrandaky daşary ýurtly raýatlaryň öz Watanyna howpsuz ýagdaýda dolanmagy üçin uly tagallalar eden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hoşallygyny bildirdi.
Şeýle hem ilçi türkmen tarapyndan Eýranyň halkyna hem-de hususan-da çagalara niýetlenip, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ynsanperwerlik ýüki ugradylandygy üçin hem hoşal bolandyklaryny belledi.
Ali Mojtaba Ruzbehani Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky serhediň dostluk hem-de hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýandygyny belläp, häzirki wagtda iki ýurduň serhetlerindäki 4 gümrük nokadynyň kadaly işlerini dowam etdirýändigini, ol ýerden ýükleriň daşalmagyna mümkinçilikleriň döredilýändigini belledi.
Ilçi Eýranyň hem-de Türkmenistanyň üstaşyr mümkinçilikleriniň möhümdigini belläp, bu ýerlerden dünýäniň dürli sebitlerine ýükleriň daşalmagynyň ykdysady taýdan hem öz bähbitliligi bilen tapawutlanýandygyny aýtdy.
Metbugat duşuşygynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ilçä ýüzlendiler. Eýranyň ilçisi öz gezeginde bu sowallara jogap bermek bilen öz ýurdunyň sebit hem-de goňşy döwletler bilen hemişe hyzmatdaşlyga açykdygyny hem-de bu ýurtlar bilen yzygiderli gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýändiklerini belledi.
Metbugat duşuşygyndan soňra Eýranyň ilçihanasy tarapyndan agzaçar sadakasy berildi.
PDF









