Eziz wa­tan­daş­lar!
Hor­mat­ly adam­lar!
Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň 12-nji de­kab­ryn­da biz he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň 30 ýyl­lyk şan­ly to­ýu­ny giň­den bel­läp geç­dik.
He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk je­bis­li­gi­mi­ziň, aba­dan­çy­ly­gy­my­zyň esas­la­ry­ny düz­ýän tag­ly­ma­ty­myz­dyr. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­myz bi­ziň mil­li buý­san­jy­myz­dyr, pa­ra­hat­çy­ly­gyň, yna­nyş­ma­gyň şöh­rat­ly ýo­lu­dyr. Bag­ty­ýar hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi bi­len, ge­çen 30 ýy­lyň için­de he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň bin­ýa­dy­ny has-da ber­kit­mek bo­ýun­ça ta­ry­hy iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Şu gü­nü­mi­ziň we gel­je­gi­mi­ziň aý­dyň bol­ma­gy üçin ägirt uly iş­ler bi­ti­ril­di, be­lent sep­git­le­re ýe­til­di. El­bet­de, mu­nuň aňyr­syn­da Wa­ta­na bo­lan söý­gi­mi­ziň, ha­lal zäh­me­ti­mi­ziň, yh­la­sy­my­zyň du­ran­dy­gy­ny unut­ma­ly däl­di­ris.
He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň 30 ýyl­ly­gy hem-de Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li, hormatly Prezidentimiziň Per­ma­ny­na la­ýyk­lyk­da, «Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na» at­ly ýu­bi­leý me­da­ly bi­len sy­lag­lan­dym. Mu­nuň özi türk­men hal­ky­nyň me­niň zäh­me­ti­me be­ren ýo­ka­ry ba­ha­sy bo­lup dur­ýar. Şo­ňa gö­rä-de, ýu­bi­leý me­da­ly­nyň gow­şu­ryl­ma­gy­ny mäh­ri­ban hal­ky­myň ma­ňa bil­dir­ýän uly yna­my, alyp bar­ýan iş­le­ri­mi­ziň yk­rar edil­me­si hök­mün­de ka­bul ed­ýä­rin. Bu uly sy­lag mäh­ri­ban hal­ky­myň, ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy we gül­läp ös­me­gi ug­run­da güý­jü­mi gaý­gyr­man, tu­tan­ýer­li iş­le­mä­ge borç­ly ed­ýär.
Hor­mat­ly adam­lar!
Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de, Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da ata Wa­ta­ny­myz­da uly üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­dy. Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan üçün­ji ge­zek yk­rar edil­di. Bu bol­sa he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­lyk baý­ra­my­ny toý­la­ýan ýy­ly­my­zyň äh­mi­ýe­ti­ni has-da art­dyr­dy. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len «2025-nji ýyl – Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­me­gi döw­le­ti­mi­ziň şan-şöh­ra­ty­ny has-da beý­gel­den wa­ka­la­ryň bi­ri bol­dy.
Ýur­du­myz­da Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly hem-de he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­lyk baý­ra­my my­na­sy­bet­li çä­re­le­ri ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek bo­ýun­ça gu­ra­ma­çy­lyk döw­let to­pa­ry dö­re­dil­di. To­pa­ra ýol­baş­çy­lyk et­mek bi­len, ýur­du­my­zyň ab­ra­ýy­na ab­raý goş­ýan köp san­ly çä­re­le­ri üs­tün­lik­li ge­çir­dik.
Gün-gün­den gö­zel keş­be gir­ýän, öz­bo­luş­ly bi­na­gär­lik gur­lu­şy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat şä­he­ri ÝU­NES­KO-nyň öw­re­ni­ji şä­her­le­ri­niň bü­tin­dün­ýä to­ru­na gi­ri­zil­di. Mu­nuň özi Aş­ga­bat şä­he­ri­ni ös­dür­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň hal­ka­ra de­re­je­de yk­rar edil­ýän­di­gi­niň aý­dyň be­ýa­ny­dyr.
Ýa­kyn­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da «Hä­zir­ki za­man jem­gy­ýe­tin­de ze­nan­la­ryň or­ny: Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek ug­run­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek» at­ly hal­ka­ra mas­la­hat ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­di. Bu mas­la­hat ýur­du­myz­da dür­li kär­de zäh­met çek­ýän ze­nan­la­ryň zäh­me­ti­ne uly hor­mat go­ýul­ýan­dy­gy­ny, bu ugur­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni ýe­ne-de bir ge­zek gör­kez­di.
12-nji de­kabr­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­nyň de­re­je­sin­de hal­ka­ra fo­rum hem üs­tün­lik­li ge­çi­ril­di. Dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we yna­nyş­ma­gy ber­kit­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lan bu hal­ka­ra fo­rum ýy­lyň esa­sy sy­ýa­sy wa­ka­la­ry­nyň bi­ri bol­dy. Bu iri çä­re ýur­du­my­zyň Bi­ta­rap­ly­ga, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­li­ge esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de giň­den gol­da­nyl­ýan­dy­gy­ny ýe­ne-de bir ge­zek tas­syk­la­dy. Umu­man, bu hal­ka­ra çä­re­ler ata Wa­ta­ny­my­zyň şan-şöh­ra­ty­ny beý­gelt­di, hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny has-da art­dyr­dy.
Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, mäh­ri­ban hal­ky­my­zy he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­lyk baý­ra­my hem-de hal­ka­ra çä­re­le­riň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn.
Eziz wa­tan­daş­lar!
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­ly­gy – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň aý­dyň ýo­ly» at­ly tä­ze ki­ta­by bi­ziň äh­li­miz üçin uly sow­gat bol­dy. Ki­tap­da Bi­ta­rap­lyk tag­ly­ma­ty­myz, dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we ösü­şi üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len döw­let sy­ýa­sa­ty­myz ha­kyn­da tä­sir­li mag­lu­mat­lar jem­le­nip­dir. On­da ýur­du­my­zyň «Dia­log – pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li» at­ly fi­lo­so­fi­ýa esas­lan­ýan he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­nyň äh­mi­ýe­ti giň­den be­ýan edil­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi «Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na» at­ly ýu­bi­leý me­da­ly­na my­na­syp bol­ma­gy hem-de tä­ze ese­ri­niň ne­şir edil­me­gi bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn.
Eziz wa­tan­daş­lar!
Hor­mat­ly adam­lar!
Ta­ry­hyň ýe­ne-de bir ýy­ly ta­mam­la­nyp bar­ýar. Tä­ze ýyl baý­ra­my hem ýe­tip gel­ýär. Gel­jek ýyl Gün­do­gar mü­çe­na­ma­sy bo­ýun­ça ýyl­ky, ýag­ny be­dew ýy­ly­dyr. Bi­ziň be­dew­le­ri­miz hal­ky­my­zyň mil­li buý­san­jy­dyr, gym­mat­ly baý­ly­gy­dyr, be­ýik ösüş­le­ri­mi­ziň ny­şa­ny­dyr. Şo­ňa gö­rä-de, ýe­tip gel­ýän be­dew ýy­ly dü­şüm­li bol­sun! «At – my­rat» diý­li­şi ýa­ly, tä­ze ýyl bag­ty­ýar hal­ky­my­zy mak­sat-my­ra­dy­na ýe­tir­sin! Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ze rys­gal-be­re­ket ge­tir­sin! Gel­jek ýyl­da hem uly üs­tün­lik­ler, bag­ty­ýar gün­ler mun­dan beý­läk-de do­wa­mat-do­wam bol­sun!