Abu-Dabi — Dubaý — Aşgabat, 5-nji ýanwar (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iki günlük iş sapary tamamlandy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Abu-Dabiniň Halkara howa menziline ugrady. Gahryman Arkadagymyzyň uçary Abu-Dabiden Birleşen Arap Emirlikleriniň iri ykdysady, medeni we syýahatçylyk merkezi bolan Dubaý şäherine tarap ugrady. Dubaýyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini resmi adamlar garşyladylar.
Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň çäklerinde hormatly Arkadagymyz “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýer bilen duşuşdy.
“Dragon Oil” kompaniýasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi we hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny düýn BAE-niň Prezidenti bilen duşuşygynyň üstünlikli geçmegi bilen gutlady. Bu duşuşyk türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň taryhyna täze, aýdyň sahypany ýazar.
Pursatdan peýdalanyp, işewür Gahryman Arkadagymyza Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip hem-de dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Birleşen Arap Emirlikleriniň ýurdumyzyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşydygyny nygtady. Türkmenistan BAE bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň dekabr aýynyň başynda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (COP28) gatnaşmak üçin Dubaýa amala aşyran iş sapary munuň aýdyň güwäsidir.
Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Bütindünýä howa sammitiniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, bu iri halkara forumyň münberinden beýan edilen ähli başlangyçlaryň tutuş dünýäde bagtyýarlygyň we abadançylygyň bähbidine halkara dialogy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolup, bu serişdeleri gözlemek, özleşdirmek we çykarmak bilen meşgullanýan dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda çykyş edýär. Şolaryň hatarynda özüni jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezen “Dragon Oil” kompaniýasy hem bar.
Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki işiň ägirt uly tejribesini, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça giň gerimli meýilnamalary nazara almak bilen, köpýyllyk gatnaşyklary üstünlikli ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmak, türkmen energiýa serişdeleriniň we taýýar nebit, gazhimiýa önümleriniň eksportyny ýokarlandyrmak milli ykdysadyýetimiziň bu esasy pudagynyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelerdir. Bu maksatlar Türkmenistanyň durmuşa geçirýän energetika syýasatynyň esasyny düzýär. Şol syýasat bolsa ýurdumyzyň baýlygyny tutuş adamzadyň hyzmatyna goýmaga gönükdirilendir.
XXI asyryň ägirt uly taslamasy — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy munuň aýdyň beýanydyr. Bu gaz geçiriji tutuş Aziýa sebitiniň durmuş-ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer. “Galkynyş” gaz käniniň özleşdirilmeginiň III tapgyrynyň hasabyna bu halkara gaz geçirijiniň mawy ýangyç bilen üpjün edilmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, BAE-däki hyzmatdaşlar we maýadarlar türkmen tebigy gazyny sebitiň ýurtlaryna, beýleki döwletlere ibermek üçin niýetlenen gaz geçiriji infrastrukturanyň gurluşygy bilen baglanyşykly täze energetika taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga çagyrylýar.
Mälim bolşy ýaly, baş edarasy BAE-niň Dubaý şäherinde ýerleşýän “Dragon Oil” kompaniýasy Türkmenistanda 2000-nji ýyldan bäri önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşygyň esasynda işleýär. Onuň işiniň esasy ugry Hazar deňzinde, “Çeleken” şertnamalaýyn çäkde uglewodorod serişdelerini çykarmak bilen baglanyşyklydyr. Geçen ýyllaryň dowamynda bu kompaniýa, hususan-da, “Jeýtun” we “Jygalybeg” ýataklarynda gözleg işlerini ýerine ýetirmäge we olary özleşdirmäge ägirt uly maýa serişdelerini goýdy. Ýaňy-ýakynda “Dragon Oil” Aşgabat şäherinde özüniň täze edarasyny açdy. Munuň özi ýola goýlan uzak möhletli, strategik hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýediginiň nobatdaky güwäsidir.
“Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýer berilýän goldaw üçin hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň mundan beýläk-de öz üstüne alan borçnamalaryny doly ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.