Şu gün Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Hindistanyň tehniki we ykdysady maksatnamasynyň (ITEC) güni mynasybetli çäre geçirildi. Çärä Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabu, diplomatik wekilhananyň beýleki işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýleki myhmanlar gatnaşdylar.
Myhmanhananyň girelgesinde Hindistanyň taryhy we medeni gymmatlyklary şöhlelendirilen suratlar, dürli açyşlary eden şahsyýetleriň we şanly senelere degişli suratlar ýerleşdirilipdir.
Çäräniň açylyşynda Ilçi Bandaru Wilsonbabu çykyş edip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar barada gürrüň berdi. Diplomatyň sözlerine görä, ITEC maksatnamasy (Indian Technical and Economic Cooperation Programme) Hindistan Hökümeti tarapyndan 1964-nji ýylda ýola goýlup, esasy maksady Hindistanyň ösüş tejribesini we tehniki bilimlerini beýleki ýurtlar bilen paýlaşmakdan ybaratdyr.

Häzire çenli maglumat tehnologiýalary, dolandyryş we oba ýerlerini ösdürmek ýaly ugurlardaky tejribeler 160-dan gowrak hyzmatdaş ýurtlar bilen paýlaşylypdyr. Okuwlar Hindistanyň 120-den gowrak öňdebaryjy bilim edaralarynda geçirilýär. Häzire çenli döwlet edaralarynda zähmet çekýän 500-den gowrak türkmenistanly bu maksatnama gatnaşypdyr, 200-den gowrak talyp bolsa, Hindistan hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilen ýokary bilim alypdyr.

Wilsonbabunyň sözlerine görä, ýakynda hindi dilini we aýurweda öwretmek üçin hindi hünärmenleriniň Aşgabada iberilmegi meýilleşdirilýär. Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Hindi dili okuw otagynyň açylyş dabaralary bolupdy.
Çäräniň dowamynda ýurdumyzyň dürli edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde zähmet çekýän ITEC maksatnamasynyň uçurymlary öz tejribelerini paýlaşdylar.
Şeýle hem ýoga maşklary görkezildi, Täçnabat Ýomudowanyň ýerine ýetirmeginde birnäçe hindi aýdymy ýerine ýetirildi hem-de hindi tanslarynyň çykyşlary boldy.

Çäräniň ahyrynda myhmanlara hödür-kerem edildi, ýadygärlik surata düşüldi.