Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan bi­len dün­ýä döw­let­le­ri­niň ara­syn­da dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry bar­ha pug­ta­lan­ýar. Öza­ra bäh­bit­li we deň­hu­kuk­ly gat­na­şyk­lar ber­ka­rar ýur­du­myz bi­len da­şa­ry ýurt­la­ryň ara­syn­da hoş­ni­ýet­li hyz­mat­daş­lyk­la­ryň bin­ýa­dy­ny has-da ber­kid­ýär.
Ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­na uly äh­mi­ýet ber­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow il­kin­ji ýo­ka­ry de­re­je­li myh­ma­ny ka­bul et­di. Ol hem türk­men hal­ky­ny ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri me­de­ni-yn­san­per­wer we ta­ry­hy taý­dan bag­la­nyş­dyr­ýan Hin­dis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti bol­dy. Bu sa­pa­ryň ta­ry­hy äh­mi­ýe­ti­niň ýe­ne-de bir aý­ra­tyn­ly­gy Hin­dis­tan Res­pub­li­ka­sy ta­ra­pyn­dan Pre­zi­dent de­re­je­sin­de il­kin­ji ge­zek ýur­du­my­za ýo­ka­ry de­re­je­li sa­pa­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gy­dyr.

Hin­dis­tan Res­pub­li­ka­sy ýo­ka­ry de­re­je­de döw­let sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­mak bi­len ýur­du­myz bi­len gat­na­şyk­la­ry has-da pug­ta­lan­dyr­ma­ga aý­ra­tyn äh­mi­ýet we hor­mat goý­ýan­dy­gy­nyň ny­şa­ny­dyr. Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki gep­le­şik­ler­de halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­bat­da giň ge­rim­de pi­kir alyş­ma­lar bol­dy. Ulag we ener­ge­ti­ka ul­gam­la­ry türk­men-hin­di yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy­nyň stra­te­gik ugur­la­ry bo­lup, bu ba­bat­da­ky ta­gal­la­lar, esa­san, Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Pa­kis­tan-Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si, Mer­ke­zi Azi­ýa-Ýa­kyn Gün­do­gar we De­mir­ga­zyk-Gü­nor­ta ulag ge­çel­ge­le­ri ýa­ly iri hal­ka­ra tas­la­ma­lar­da jem­len­ýär.
Ulag ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň esa­sy mak­sa­dy, il­kin­ji no­bat­da, Hin­di um­ma­nyn­da­ky de­ňiz ter­mi­nal­la­ry­na bar­ýan Ýew­ra­zi­ýa ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mek­dir. Türk­me­nis­tan çäk­le­ri bo­ýun­ça Pars aý­la­gy­na, Eý­ra­nyň port­la­ry­na, şol ýer­den bol­sa Hin­dis­ta­na ba­ryl­ýan ýe­ke-täk örän gys­ga ýo­ly üp­jün ed­ýän ýurt hök­mün­de bu ug­ra uly äh­mi­ýet ber­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Aş­ga­bat du­şu­şy­gyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň Ça­ba­har we Türk­men­ba­şy­nyň Hal­ka­ra de­ňiz port­la­ry­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da gö­ni gep­le­şik­le­ri gu­ra­mak ba­ra­da­ky tek­li­bi gol­da­nyl­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Öz­be­gis­tan-Türk­me­nis­tan-Eý­ran-Oman-Ka­tar ulag ge­çel­ge­si­niň tas­la­ma­sy hem bu ugur­da­ky müm­kin­çi­lik­le­riň örän giň­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýar.
Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Hin­dis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da me­de­ni­ýet we sun­gat ba­bat­da 2022-2025-nji ýyl­lar üçin hyz­mat­daş­lyk et­me­giň Mak­sat­na­ma­sy bol­sa, esa­san, saz, tans, teatr, sun­gat, ser­gi­ler, mas­la­hat­lar, ar­heo­lo­gi­ýa, ar­hiw hem-de ki­tap­ha­na işi, mu­zeý, ede­bi­ýat, yl­my bar­lag­lar we res­mi­leş­dir­me, fes­ti­wal­lar, ýaş­lar mak­sat­na­ma­la­ry ýa­ly anyk ugur­lar­da öza­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge de­giş­li we­zi­pe­le­ri özün­de jem­le­ýär.
Me­de­ni hyz­mat­daş­lyk Türk­me­nis­tan bi­len Hin­dis­ta­nyň öza­ra gat­na­şyk­la­ryn­da ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň bi­ri. Dost­luk­ly ýur­duň Li­de­ri­niň sa­pa­ryň me­de­ni mak­sat­na­ma­sy­nyň çä­gin­de türk­men ra­ýat­la­ry bi­len du­şuş­ma­gy, Ma­hat­ma Gan­di­niň Aş­ga­bat­da­ky heý­ke­li­ne gül go­ýup, Ýo­ga we ada­ty luk­man­çy­lyk mer­ke­zi­ne ba­ryp gör­me­gi, Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­tyn­da çy­kyş edip, ol ýer­de dö­re­di­len «Hin­di bur­çu­nyň» açy­ly­şy­na gat­naş­ma­gy, Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk sport top­lu­myn­da bol­ma­gy şol ýa­kyn­ly­gyň gym­ma­ty­na has iç­gin göz ýe­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­di.
Ýur­du­my­zyň ab­raý­ly ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň bi­rin­de «Hin­di bur­çu­nyň» açyl­ma­gy Türk­me­nis­tan­da hin­di hal­ky­nyň ta­ry­hy we ru­hy mi­ra­sy­ny öw­ren­mek üçin yg­ty­bar­ly bin­ýa­da öw­rü­ler. Bu ýe­re gel­ýän­ler Hin­dis­ta­nyň hä­zir­ki döw­ri we mil­li baý­ram­la­ry, däp­le­ri hem-de öz­bo­luş­ly te­bi­ga­ty ba­ra­da mag­lu­mat alar­lar. Şeý­le hem bu ýer­de hin­di halk saz gu­ral­la­ry go­ýul­dy, dür­li dil­ler­de ne­şir edi­len ki­tap­lar­dan, nus­ga­wy eser­ler­den, çe­per ede­bi­ýat­lar­dan, dö­wür­le­ýin ne­şir­ler­den, Hin­dis­ta­nyň ta­ry­hy we däp-des­sur­la­ry ba­ra­da gür­rüň ber­ýän su­rat al­bom­la­ryn­dan yba­rat ki­çi ki­tap­ha­na bar.
Göz­ba­şy­ny asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den alyp gaýd­ýan türk­men-hin­di dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry bu gün tä­ze ma­ny-maz­mu­na, döw­re­bap keş­be eýe bol­ýar. Äh­li ugur­lar bi­len bir ha­tar­da, me­de­ni­ýet ul­ga­myn­da-da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy, dost­luk owaz­la­ry­nyň be­lent­den ýaň­lan­ma­gy mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir.

Nur­ja­han RAH­MAN­BER­DI­ÝE­WA,
Ahal we­la­ýa­ty­nyň Gök­de­pe et­ra­byn­da­ky 24-nji or­ta mek­de­biň baş­lan­gyç synp mu­gal­ly­my.