Mä­lim bo­l­şy ýa­ly, 2024-nji ýyl­da Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Me­de­ni­ýet ýy­ly­nyň da­ba­ra­la­ry ge­çi­ril­di. Halkara pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da bol­sa, Türk­me­nis­ta­nyň Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­syn­da Me­de­ni­ýet ýy­ly belleni­lip, 6-njy iýun­da bu çä­re­le­riň ýa­py­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ri­ler. Yn­san­per­wer ul­gam­da­ky türk­men-hy­taý hyz­mat­daş­ly­gy kö­pa­syr­lyk tej­ri­bä, baý däp-des­sur­la­ra eýe bo­lup, mil­le­tiň ösü­şin­dä­ki ru­hy gym­mat­lyk­la­ryň äh­mi­ýe­ti­ne çuň­ňur dü­şü­nil­me­gi­ne esas­lan­ýar. Türk­me­nis­tan­da we Hy­taý­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra fes­ti­wal­la­ra, yl­my mas­la­hat­la­ra, ser­gi­le­re iki ýur­duň dö­re­di­ji­lik, me­de­ni­ýet, sun­gat iş­gär­le­ri­niň gat­naş­ma­gy iş­jeň hyz­mat­daş­ly­gyň aý­dyň my­sa­ly­dyr.
Türk­me­nis­tan we Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy oňyn sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek bi­len, söw­da-yk­dy­sa­dy, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka, me­de­ni-yn­san­per­wer ugur­la­ryn­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk ed­ýär­ler. Bu ugur­lar­da bar bo­lan kuw­wat­lyk­la­ry ha­sa­ba al­mak bi­len, umu­my ta­gal­la­la­ryň bir­leş­di­ril­me­gi has ne­ti­je­li ha­sap edil­ýär.
Ýe­ri ge­len­de bel­läp geç­sek, Türk­me­nis­tan bi­len Hy­ta­ýyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar uzak ta­ry­ha eýe­dir. Me­de­ni­ýet we sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da hyz­mat­daş­ly­gyň ägirt uly or­ny bar­dyr. Şeý­le­lik­de, Türk­me­nis­ta­nyň Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­syn­da­ky Me­de­ni­ýet ýy­ly­nyň üs­tün­lik­li ta­mam­la­nan mak­sat­na­ma­sy döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň we halk­la­ry­my­zyň dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gyn­da me­de­ni dip­lo­ma­ti­ýa­nyň eýe­le­ýän or­nu­nyň bar­ha art­ýan­dy­gy­ny gör­kez­di.

Saparmyrat GELDIMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.