Ýokary derejede ösdürilýän türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň parlament ugruna aýratyn üns berilýär. Muňa Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň başlygynyň çagyrmagy boýunça bu ýurtda saparda bolmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bu saparyň maksady hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli ynsanperwer döwlet syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ýola goýlan parlamentara gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr.
Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ähli ugurlar bilen bir hatarda parlamentara gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň köpýyllyk taryhy bar. Şol döwürleriň dowamynda iki halkyň arasynda birek-birege düşünmek, medeniýetleriň, däp-dessurlaryň we dünýägaraýyşlaryň özara alyşmasy ýaly peýdaly ösüşler bolup geçdi. Häzirki wagtda özara hormat goýmak, dostluk we birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-hytaý gatnaşyklary ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürilýär. Iki dostlukly döwletiň strategik hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykaryldy. Hytaý ýurdumyzyň iri söwda hyzmatdaşydyr. Nebitgaz ulgamy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ulgamda eýýäm birnäçe iri taslamalar amala aşyryldy. 2009-njy ýylyň ahyrynda Türkmenistan — Hytaý strategik gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegi munuň subutnamasydyr. Şeýle-de ýurdumyz söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegi, hususan-da, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär. Şu nukdaýnazardan türkmen ýaşlarynyň Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagy ugrunda tagalla edilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda ýaşlaryň 100 sanysyny bakalawr ugry boýunça Hytaýyň Sinszýan Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa ibermek boýunça seçip alyş işleri dowam edýär.
Aýgül ANNAMUHAMMEDOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.