Hormatly okyjylar!
Türkmenistanyň Döwlet sirki 4-nji maýda täze sirk tomaşasyny hödürleýändigini habar berýär. Çykyşlaryň dowamynda türkmeniň milli sirk sungatyny dünýä ýaýýan, halkara sirk festiwallarynda 6 gezek ýeňiji bolup, baş baýraklara eýe bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we «Türkmen jigitleri» toparynyň ýaş artistleriniň, tälim berlen haýwanlaryň, mundan başga-da dürli žanrlardaky sirk çykyşlaryna tomaşa edip bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin: 36-10-95 / 36-10-34 / 39-80-44 / 39-80-45.