Gurbannazar Ezizow türkmen edebiýatynyň ösüşine özboluşly goşant goşan zehinli şahyrdyr. Ömrüniň gysga bolandygyna garamazdan, ol döredijilik äleminde aýratyn orun eýeläp, liriki-poetiki äheňi bilen nesilleriň söýgüsini gazanypdy. Şahyryň goşgulary duýguly mazmuna, çuňňur pelsepä we sözleriň sada, ýöne täsirli gurluşyna eýedir. Üstümizdäki ýylda şahyryň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli çäreler guralýar.
Ýakynda bolan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz noýabr aýyndaky döwlet ähmiýetli çäreleriň hatarynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabarany geçirmek baradaky teklibi goldap, ony ýokary derejede guramaçylykly geçirmegiň möhümdigini belledi. Munuň özi ýurdumyzda edebiýata, söz sungatyna aýratyn hormat goýulýandygynyň nobatdaky güwäsidir.
Geçen hepdäniň ahyrynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda ussat şahyryň doglan güni mynasybetli «Güýzüň waspçysy, parahatçylygyň şahyry Gurbannazar Ezizowyň şygryýeti – türkmen pelsepesiniň kämilligi» ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Onuň dowamynda şahyryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan täsirli çykyşlara, çeper okaýyşlara hem-de onuň şygyrlaryna döredilen aýdymlara giň orun berildi.
Gurbannazar Ezizow 1940-njy ýylyň 1-nji martynda Büzmeýin etrabynda dünýä inýär. Ol orta mekdebi tamamlandan soň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetine girip, 1964-nji ýylda tamamlaýar. Şahyryň döredijilik dünýäsiniň täze sahypalary hem hut talyp ýyllarynda açylýar. 1964–1970-nji ýyllarda «Edebiýat we sungat» gazetinde poeziýa bölüminiň müdiri bolup işleýär. Bu döwür şahyryň ähli döredijilik mümkinçilikleriniň ýüze çykan döwrüdir. 1972-nji ýyldan ömrüniň ahyryna çenli Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginde edebi ýolbaşçy bolup işledi. Bu ýer onuň şahyrlar bilen işleşmegine hem-de poeziýanyň ösüşine goşant goşmagyna mümkinçilik berdi.
Döredijilik aýratynlyklary
1. Liriki mazmunyň baýlygy
Ussat şahyryň goşgulary özboluşly lirizmi bilen tapawutlanýar. Söýgi, mähir, tebigat, ömür, ynsan ykballary onuň şygyrlarynda giňden hem ussatlyk bilen beýan edilýär.
2. Sözleriň sazlaşygy
Şahyryň döredijiliginde äheň we sazlaşyk aýratyn orun eýeleýär. Şahyryň goşgularynyň köpüsi aýdym edilip aýdylýar.
3. Pelsepewi çuňluk
Şahyryň eserlerinde filosofik pikirler, durmuşyň we ömrüň manysy baradaky aladalar gabat gelýär.
Şahyryň zehini onuň goşgularynda duýgulara aýratyn çemeleşmesinde, sözleriň kämil saýlanmagynda we döredijilik bitewüliginde aýdyň ýüze çykýar.
Türkmen poeziýasynyň taryhynda aýratyn ýol açan şahyryň goşgulary lirikanyň owadan nusgalary hökmünde halkyň ruhy dünýäsinde mynasyp orun eýeleýär. Şahyryň döredijiligi öz döwrüni aşyp, türkmen edebiýatynyň baý hazynasynda öçmejek yz goýupdyr.
Sona AMANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.
PDF









