Türkmen halkynyň köp müňýyllyk taryhynda saz diňe bir göwün açyjy serişde däl-de, eýsem, halkyň kalbynyň syrdaşy bolup hyzmat edip gelýär. «Saz – ruhuň iýmiti» diýen pähimden ugur alsak, türkmen sazynyň gudraty onuň ynsan kalbynyň inçe tarlaryna aralaşyp bilýänligindedir.
Saz – türkmeniň kalby. Türkmen sazynyň gözbaşyny, hamyrmaýasyny tapmak üçin, müňýyllyklaryň gatyna gitmeli. Asyrlardan, nesillerden çykýan owazlara diň salmagy başarmaly.
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän baý medeni mirasynyň iň möhüm ugurlarynyň biri aýdym-saz we bagşyçylyk sungatydyr. Türkmen dutarynyň we gyjagynyň owazynda sähralaryň giňligi, daglaryň belent ruhy we taryhyň dowamatlylygy bar. Gadymy rowaýatlarda bu şirin owazlaryň hatda agyr dertli syrkawlary sagaldandygy, adamlaryň arasyndaky gahar-gazaby eretjek güýje eýedigi aýdylýar. Bu tötänlik däl, sebäbi türkmen sazy ynsan bilen tebigatyň sazlaşygynyň beýanydyr. Sazyň gudratyny nesilden-nesle geçirmekde bagşy-sazandalarymyzyň bitiren hyzmaty çäksizdir.
Şu günki günde türkmen sazy diňe bir milli mirasymyz bolman, eýsem, dünýä medeniýetiniň hem aýrylmaz bölegidir. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň medeni mirasynyň sanawyna girizilen dutar ýasamak senetçiligi we saz çalmak sungaty biziň bu ugurdaky guwanjymyzdyr. Saz halklary birleşdirýän, dostluk köprülerini gurýan iň täsirli dildir.
Bagşyçylyk sungaty halkyň ýüreginiň owazy, ruhy güýjüdir. Türkmen halkynyň medeni dünýäsinde bu sungatyň orny aýratyn ähmiýete eýedir. Şonuň üçinem «Bagşyly il – bagtly il» diýen jümle diňe bir halk nakyly däl, eýsem, ýaşamak pelsepesine öwrülen söz hakydasydyr. Berkarar döwletimizde bu sungat döwlet tarapyndan goldanylýar. Ýaş bagşylaryň, sazandalaryň, kompozitorlaryň döredijilik mümkinçilikleri giňeldilýär. Medeniýet öýleri, ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdepleri bu ugurda täze derejelere çykýar. Ýurt we halkara derejesindäki aýdym-saz festiwallary, bäsleşikler arkaly türkmen mukamlarynyň owazy dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaňlanýar. Türkmen halkynyň aýdym-saz sungaty häzirki döwürde-de ösüşleriň we täzelikleriň öňbaşçysy bolup çykyş edýän ruhy baýlykdyr.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly
Prezidentimiziň milli gymmatlyklarymyzyň dünýäde uly hormat-sarpa eýe bolmagy ugrunda alyp barýan giň gerimli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Äşe HUDAÝAROWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň mugallymy.
PDF









