Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sportuny has-da ýokary derejelere çykarmak, halkara sport ýaryşlarynda Türkmenistana mynasyp wekilçilik edýän türgenleri taýýarlamak, ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanan üstünliklerini dünýä ýaýmak, ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmak ugrunda ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda iri halkara sport ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelän türkmen türgenlerini hem-de olaryň ýeňişleriniň gözbaşynda duran halypa tälimçileriň Şa serpaýlary bilen sylaglanylmagy olaryň döredijilikli zähmetine berlen ýokary bahadyr. Türkmen türgenleriniň iri halkara ýaryşlaryna gatnaşmagy ýurdumyzyň sportunyň dünýä ýüzünde gazanýan üstünlikleriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan sport syýasatynyň aýdyň ykrarnamasydyr.
Mälim boluşy ýaly, 2025-nji ýylyň dekabr aýynyň 15-ne Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dürli ýaryşlarda Türkmenistana wekilçilik edip, ýurdumyzyň abraýyny belende göterip, halkara ders bäsleşiklerinde we sport ýaryşlarynda dünýä derejesinde baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlara hem-de olaryň halypa mugallymlaryna we tälimçilerine sylaglary gowşurdy.
Şol sanda, maňa hem hormatly Prezidentimiziň şa serpaýyna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Bu baýraga mynasyp bolmagym meniň durmuşymyň iň bagtly we ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlaryň biridir.
Men Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby. Men üstümizdäki ýylyň 1-14-nji noýabry aralygynda Tailand Patyşalygynyň Bangkok şäherinde sportuň Jiu-jitsu HIF görnüşi boýunça geçirilen Dünýä Çempionatynda 69 kg agram derejesinde çykyş edip, baýrakly II orna mynasyp boldum.
Hormatly Prezidentimiziň biz ýaşlara bildirýän uly ynamyndan ruhlanyp çekýän zähmetimize berlen şeýle uly baha üçin buýsanjymyzyň çägi ýok.
Bu sylaglar ýaşlarymyzy täze ýeňişlere, belent sepgitlere ruhlandyrýar, halypa tälimçileriň hormatyny has-da belende göterýär we sport arkaly parahatçylygy, dostlugy hem-de ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň rowaçlanýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrülýär. Berk bedenli, sagdyn ruhly, döwrebap bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge giň mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Annagurt Amanmyradow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
PDF








