«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäginde Türkmen-Täjik Parlamentara dostluk toparlarynyň duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň maksady ikitaraplaýyn esasda döredilen Parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň kämilleşdirilmegi hem-de ugurdaş komitetleriň, arasyndaky gatnaşyklaryň ýola goýulmagy bilen bagly pikir alyşmalardan ybarat boldy.
Duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda ýurtlaryň arasynda dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýandygy bellenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde, iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigi, şol sanda parlament ugry boýunça netijeli gatnaşyklar üçin täze mümkinçilikleriň döredilýändigi bellenildi.
Myhman Türkmenistanyň Mejlisiniň düzümi hem-de ýurdumyzda ylym-bilim, durmuş üpjünçiligi, ekologiýa abadançylygy ýaly ugurlarda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.
Duşuşygyň dowamynda döwletleriň arasyndaky ikitaraplaýyn esasda ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny Parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamagyň ähmiýeti, şeýle hem Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň abraýly halkara düzümleriň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy.
Taraplar özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-täjik gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösdürilmegi üçin ähmiýetli mümkinçilikler barada pikir alyşdylar.