Ýakynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Ykdysadyýet fakultetiniň “Ykdysadyýet we hukuk” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Sanjar Hazratkulow Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde onlaýn görnüşde geçirilen “GDA-nyň iň gowy talyby” atly halkara bäsleşigine gatnaşdy. Zehinli talyp bu abraýly bäsleşikde ýokary netije görkezip, I derejeli diplom, ýörite döşe dakylýan nyşan we kubok bilen sylaglandy.
Gazagystan Respublikasynyň “Bilim örkenýeti” milli innowasion ylmy-barlag merkezi hem-de “Žana Gazagystan” respublika innowasiýa merkezi tarapyndan guralan bu halkara bäsleşiginiň emin agzalary Sanjar Hazretkulowyň ylymda, sungatda we döredijilikde gazanan üstünliklerine, goşan goşantlaryna örän ýokary baha berdiler.
Bäsleşigiň şertlerine görä, ýeňiji bolan talyplaryň ähli üstünlikleri “GDA-nyň iň gowy talyby” atly halkara kitap toplumyna giriziler. Sanjar Hazratkulow bu ýeňşi bilen Arkalaşygyň iň ökde talyplarynyň hataryna goşulmagy başardy.
Bu gazanylan üstünlik ýurdumyzyň ýaşlarynyň dünýägaraýşynyň giňdiginiň, bilim derejesiniň ýokarydygynyň, döredijilik ukyplarynyň we taýýarlyklarynyň halkara standartlaryna doly laýyk gelýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.