Ýakynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniñ roman-german we gündogar dilleri fakultetiniň italýan dili we edebiýaty hünäriniň 4-nji ýyl talyby Bahar Aýdogdyýewa Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby” atly halkara bäsleşigine internet arkaly gatnaşyp, I derejeli Diploma, döşe dakylýan nyşana we kuboga mynasyp boldy.
Gazagystan Respublikasynyň “Bilim Orkenieti” milli innowasiýa ylmy-gözleg merkezi hem-de “Žana Gazagystan” respublikan innowasion merkezi tarapyndan guralan bu halkara bäsleşigiñ eminler topary türkmen talybynyň ylma, sungata we döredijilige goşan goşantlaryna ýokary baha berdiler.
Bu halkara bäsleşiginde gazanylan ýeňiş bilen Bahar Aýdogdyýewa “Merkezi Aziýanyň iň gowy talyplarynyň” hataryna goşuldy.
Çeşme: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti.