13 — 21-nji ýanwar aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk öwreniş hünäriniň 4-nji ýyl talyby H.Myratgeldiýewa Ýaponiýanyň Özara düşünişmek, itellektual gatnaşyklar we akademiki alyş-çalyş başlangyjy atly (MIRAI) okuw maksatnamasynyň «Kanunyň hökmürowanlygy» ugry boýunça gysga möhletli okuwa gatnaşdy.
Okuwyň dowamynda «Ýaponiýanyň Merkezi Aziýa we Zakawkazýe döwletleri babatdaky daşary syýasaty», «Halkara jemgyýetinde kanunyň hökmürowanlygy», «Ýaponiýanyň administratiw kazyýet ulgamyna syn», «Ýaponiýada hukuk we adalat ulgamy we hukuk bilimi» we «Kanuny hyzmatdaşlygyň üsti bilen kanunyň özboluşlylygyny gazanmak» atly temalarda umumy sapaklar geçirildi.
Bu okuwyň maksady gatnaşyjylary Ýaponiýanyň hukuk we bilim ulgamy, medeniýeti, sungaty, taryhy ýerleri, millilikleri bilen tanyşdyrmakdan ybarat bolup, bu ugurda ýokary bilimli hünärmenleriň gatnaşmaklarynda umumy sapaklar geçirildi.
Gysga möhletli okuwa başga-da Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan, Azerbaýjan, Ermenistan we Gruziýa ýaly döwletlerden hukuk ugrundan bilim alýan talyplar, magistrler we hukuk işgärleri gatnaşdylar.
Çeşme: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti