Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni, Olim­pi­ýa he­re­ke­ti­ni, spor­ty ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär.
«Sport we be­den­ter­bi­ýe dö­re­di­ji­lik baş­lan­gyç­la­ry­ny, ola­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge bo­lan mak­sa­da ok­gun­ly­ly­gy hö­wes­len­dir­ýän sag­dyn­ly­gyň hem-de güý­jüň esa­sy çeş­me­si­dir» di­ýip nyg­ta­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da aja­ýyp za­ma­na­myz­da jem­gy­ýe­ti­miz­de köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ro­waç­lan­dyr­mak, sport ul­ga­my­ny ös­dür­mek döw­let sy­ýa­sa­tyn­da esa­sy üns be­ril­ýän ugur­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar.
Döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan be­ril­ýän hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw­la­ryň ne­ti­je­sin­de türk­men tür­gen­le­ri geçen ýyl­ uly üs­tün­lik­le­ri ga­zan­dy. Hä­zir­ki dö­wür­de be­den­ter­bi­ýä­ni, spor­ty, Olim­pi­ýa he­re­ke­ti­ni ös­dür­mek, us­sat tür­gen­le­ri taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça iş­ler do­wam et­di­ril­ýär. Ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len Ku­raş bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty türk­men spor­tu­nyň ta­ry­hy­na tä­ze şöh­rat­ly sa­hy­pa­ny ýaz­dy. Ýur­du­my­zyň tür­gen­le­ri ge­çen ýyl je­mi 812 me­dal ga­zan­dy­lar.
Türk­men tür­gen­le­ri­ 2024-nji ýyla hem uly üs­tün­lik­ler bilen başlady. Öz­be­gis­tan­da ge­çi­ri­len Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça Azi­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da ýur­du­my­zyň tür­gen­le­ri üs­tün­lik­li çy­kyş edip, baý­rak­ly orun­la­ry eýe­le­me­gi ba­şar­dy­lar. Yk­lym ýa­ry­şy­na ýur­du­my­zyň iň güýç­li agyr at­le­ti­ka­çy­la­ry gat­naş­dy. Şo­lar­dan Gaý­gy­syz Tö­rä­ýew we Änam­jan Rus­ta­mo­wa me­dal­la­ra my­na­syp bol­du­lar. Tür­gen­le­ri­miz Fran­si­ýa­da ge­çi­ril­jek To­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na gat­naş­mak müm­kin­çi­li­gi­ni has-da ýo­ka­ry gö­ter­di­ler.
Mun­dan baş­ga-da, Minsk şä­he­rin­de sam­bo bo­ýun­ça Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ku­bo­gy­ny al­mak ug­run­da ge­çi­ri­len ýa­ryş­da türk­men tür­gen­le­ri je­mi 15 – 4 al­tyn, 3 kü­müş we 8 bü­rünç me­dal ga­za­nyp, umu­my to­par­la­ýyn bäs­le­şik­de 3-nji or­ny eýe­le­di­ler.
Şeý­le hem Oma­nyň paý­tag­ty Mas­kat şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Hal­ka­ra Ten­nis fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Azi­ýa se­bi­ti bo­ýun­ça 14 ýaş­ly we şon­dan ki­çi tür­gen­le­riň ara­syn­da­ky ösüş çem­pio­na­ty­nyň Gün­ba­tar hem-de Mer­ke­zi Azi­ýa bo­ýun­ça se­bit­le­ýin saý­la­ma tap­gy­ryn­da türk­men tür­gen­le­ri­miz Ili­ma Gu­seý­no­wa we Aý­la­ra Ka­ka­ba­ýe­wa üs­tün­lik­li çy­kyş et­di­ler.
Türk­men tür­gen­le­ri­niň 2024-nji ýy­lyň il­kin­ji aý­la­ryn­da ga­za­nan bu üs­tün­lik­le­ri türk­men tür­gen­le­ri üçin ýy­lyň şow­ly bol­jak­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Sel­bi HEM­DE­MO­WA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.