Türkmen wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde gulluk iş saparynda bolýar.

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli resminamasyna laýyklykda, wekiliýetiň agzalary saparyň dowamynda Türkmen-özbek sebitara forumyna, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky Işewürlik geňeşiniň mejlisine, Türkmenistanyň we Özbegistanyň önümçilik mümkinçilikleriniň sergisine, türkmen-özbek bilelikdäki dostluk konsertine gatnaşarlar.

Görnükli türkmen aýdymçylarynyň, “Serpaý», «Näzli» folklor we tans, «Güneş» sazandalar toparlarynyň gatnaşmagynda gatnaşmagynda geçiriljek dostluk konsertiniň meýilnamasy halk aýdym-sazlarymyzyň, milli tanslarymyzyň, şeýle-de özbek halkynyň nusgawy sungatynyň eserlerini özünde jemleýär.