29-njy sentýabr 3-nji oktýabr aralygynda Italiýa Respublikasynyň Witerbo şäherinde «Merkezi Aziýa – Italiýa» formatyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde degişli meýilnama laýyklykda Suw çeşmelerini durnukly dolandyrmak meselelerine bagyşlanan okuwlar geçirildi. Oňa ýurdumyzdan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmen oba hojalyk institutynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar.
Okuwyň maksady oba hojalygynda suw serişdelerini rejeli ulanmak, innowasion suwaryş ulgamlaryny ornaşdyrmak we sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak babatda täze halkara tejribeleri öwrenmekden ybarat boldy. Onuň barşynda häzirki zaman oba hojalygynda ýüze çykýan esasy meseleler, üýtgeýän howa şertleri we ekologiýa ýagdaýlary boýunça ylmy-amaly çykyşlar diňlenildi. Şol çykyşlarda damjalaýyn suwaryş ulgamlarynyň artykmaçlyklary, suwy tygşytly ulanmak strategiýalary, ýerleriň durnuklylygyny saklamak boýunça täze çemeleşmeler giňişleýin beýan edildi.
Meýdan tejribeligi dostlukly ýurduň Witerbo şäherindäki Tuşiýa (Tuscia) uniwersitetiniň Okuw-tejribe hojalygynda ýola goýlan suwaryş ulgamlarynyň işi bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döretdi. Şeýle-de okuwyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar suw tygşytlaýjy enjamlary öndürýän TORO kärhanasynda suwaryş enjamlarynyň önümçiligi, täze sensor tehnologiýalary we H2OCAD atly suwaryş taslama programmasynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. ARSIAL oba hojalyk barlag merkezine guralan saparda guraklyga çydamly ösümlikler, toprak, suw gözegçilik ulgamlary, IoT (Zatlaryň interneti/Internet of Things) tehnologiýalary boýunça pikir we tejribe alyşmalar boldy. “Maccarese” oba hojalyk kärhanasynda bolsa sanly we takyk oba hojalygy boýunça häzirki zaman çözgütleri, ýokary hasyl berýän nahal ekiş ulgamlary, zyýankeşlere garşy awtomatik dolandyryş serişdeleri hem-de biogaz önümçiligi boýunça ylmy işler bilen tanyşmak mümkinçilikleri döredildi.
Okuwyň jemleýji gününde ösümlikleriň suwsuzlyk şertlerindäki ýagdaýyny öwrenmek boýunça tejribe synaglary, şol sanda “Arcadia spin-off” merkeziniň ýokary önümçilikli fenotiplendirme platformasynyň ulanylyşy görkezildi.
Çeşme: education.gov.tm.