11-12-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy B.Karaýew Pakistanyň Yslamabat Syýasy barlaglar instituty (IPRI) tarapyndan guralan “Margalla Dialogy 2025” halkara maslahatyna gatnaşdy.
B.Karaýew öz çykyşynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary we sebitleýin hyzmatdaşlygyň esasy görkezijileri barada gürrüň berip, ýurduň oňyn bitaraplyk syýasatyna we açyk halkara hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny nygtady.
Ol Türkmenistanyň sebitiň ykdysady, energetika we ulag arabaglanyşygyny berkitmekdäki ähmiýetini bellemek bilen, ýurduň ygtybarly hyzmatdaş we iri halkara taslamalaryň başyny tutujy hökmünde ýokarlanýan ornuny nygtady.
Şeýle hem B.Karaýew türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň depginli ösüşiniň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi we bu ornuň strategik häsiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ol sebitde durnuklylygy pugtalandyrmaga, özara söwdany ösdürmäge we sebitleýin integrasiýasyny giňeltmäge gönükdirilen TOPH, TOP we beýleki sebitleýin başlangyçlary ilerletmekde gazanylan sepgitler barada nygtady.
PDF









