23-24-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň müdiriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Özbegistan Respublikasynyň Gümrük institutyna iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň esasy maksady gümrük işgärlerini taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we hünär derejesini ýokarlandyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem häzirki zaman bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça tejribe alyşmakdan ybarat boldy.
Saparyň dowamynda Gümrük institutynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. Olaryň çäklerinde Institutyň we gaýtadan taýýarlamak hem-de hünär derejesini ýokarlandyrmak fakultetiniň işi boýunça tanyşdyryş çykyşlary guraldy. Şeýle-de okuw işinde maglumat tehnologiýalarynyň, bilimleriň elektron monitoringi ulgamlarynyň ulanylmagy, okatmagyň häzirki zaman usullarynyň ornaşdyrylmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar işgärleri taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak ulgamynda geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny, okuw-usulyýet materiallarynyň alşylmagyny hem-de bilelikdäki bilim çäreleriniň durmuşa geçirilmegini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem saparyň maksatnamasynyň çäklerinde okuw otaglary, ýöriteleşdirilen kafedralar, kitaphana, kompýuter otaglary we okuw maketleri bilen tanyşyldy.
Öz gezeginde türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň işi barada maglumat berdi, Okuw merkeziniň işgäri bolsa «Gümrük düzgünleri» atly leksiýa bilen çykyş etdi.
PDF









