15-nji martda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça şu ýylyň 27-nji martynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilen Türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriniň işewürlik maslahatyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Forumyň barşynda maýa goýum, senagat, ulag-logistika, hususy ulgamlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garalar. Şunuň bilen birlikde, Ýaponiýada geçiriljek “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony hem-de onda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda yzygiderli geçirilýän sergileriň, işewürlik maslahatlarynyň, forumlaryň hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde uly ähmiýete eýedigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde Türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriniň işewürlik maslahatyny guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.