Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmen ýaşlarynyň döwrebap bilim almaklary, hünär öwrenmekleri, ylym bilen meşgullanmaklary, daşary ýurtlaryň talyplary bilen tejribe alyşmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlar ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara olimpiadalara, ylmy-amaly maslahatlara işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Ýakynda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bilim ulgamynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada berlen hasabatda mekdep okuwçylary we talyp ýaşlar halkara ders, internet bäsleşiklerine gatnaşyp, jemi 62 medal gazandylar diýlip bellenildi.
Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde, 24-29-njy ýanwar aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde geçirilen ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Buhara halkara matematika we himiýa olimpiadalarynda gazanylan üstünlikleri görkezmek bolar.
Halkara bäsleşiklere Özbegistan, Türkmenistan, Russiýa, Hytaý, Hindistan, Pakistan, Azerbaýjan, Iordaniýa we Täjigistan ýaly 10-dan gowrak ýurtdan 500-den gowrak talyp we 100 topar gatnaşdy. Bu olimpiadada Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary ajaýyp netijeleri görkezdiler we jemi 46 medal (17 altyn, 17 kümüş we 12 bürünç) gazandylar.
29-njy ýanwar – 2-nji fewral aralygynda Tailand Patyşalygynyň paýtagty Bangkok şäherinde ylym we tehnologiýa äleminiň iň abraýly halkara çäreleriniň biri bolan «Ýaşlaryň arasynda ylmy açyşlar we innowasiýalar» (WYSII 2026) atly bäsleşik geçirildi.
Bu bäsleşik dünýäniň dürli künjeklerinden iň zehinli ýaşlary bir ýere jemläp, täzeçil pikirleriň dabaralanan meýdançasyna öwrüldi. Bäsleşige Malaýziýa, Tailand, Indoneziýa, Filippinler, Italiýa, Gonkong, Gazagystan, Bangladeş, Meksika we Türkmenistan ýaly döwletlerden jemi 715 talyp we 232 ylmy iş topary gatnaşdy.
Türkmenistanyň wekilleri bu bäsleşigiň iň ýokary baýraklaryny eýelediler. Has takygy, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby M.Rozymyradow, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplary J.Jumaşow we B.Muhammedow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary M. Hangeldiýew we Y. Kurbanow dagylar baýrakly orunlara mynasyp boldular.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda gazanylan bu ilkinji üstünlikler ýurdumyzyň bilim ulgamynyň dünýä derejesindäki abraýyny has-da berkitdi. Häzirki wagtda türkmenistanly okuwçylar Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde 2026-njy ýylyň 10-13-nji fewraly aralygynda geçirilýän «Central ASIA FIRST Championship 2026» alty STEM (ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika ) olimpiadasyna gatnaşýarlar.
Dünýädäki iň uly tehnologiýa guramasy bolan First Global guramasy (ABŞ) tarapyndan guralýan halkara bäsleşigi 100-den gowrak döwletden gatnaşýan 7000-den hem köp topar tarapyndan 70 000-den gowrak okuwçynyň bäsleşýän iň uly robot çempionatydyr.
Çempionat ilki sebitleýin, 30 döwletde (Merkezi Aziýa tapgyry Gazagystanda), jemleýji tapgyry ABŞ-nyň Hýuston şäherinde geçirilýär. Jemleýji tapgyra gatnaşmak üçin sebitleýin geçirilýän tapgyrda 400-den gowrak topardan saýlanan 60 topar bilen bäsleşerler. Ýurdumyz bu bäsleşige ilkinji gezek 2025-nji ýylda gatnaşyp, «Halkara üstünlik» atly baýragy gazanmagy başardy. Bu ýyl hem bu abraýly bäsleşige ýurdumyzdan gatnaşýan «OguzRobot» we «Erjeller» toparynyň üstünlikli çykyş etjekdiklerine uly ynam bildirýäris.
Halkara derejesinde gazanylan bu üstünlikler ýurdumyzda bilim ulgamynyň täze belentliklere çykýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Biz ýaşlara döwrebap bilim almaga, dünýä derejesindäki bäsleşiklerde ýurdumyzyň abraýyny belende götermäge döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza minnetdarlyk bildirýäris.
Şemşat Tatowa,
Aşgabat şäherindäki 46-njy orta mekdebiň müdiri.
PDF









