Ýurdumyzda “Nusaý” brendi bilen adygan “Türkmenbaşy tekstil kompleksi” 25 ýaşady. Dokma toplumy 1998-nji ýylyň ýanwar aýynda düýbi tutulyp, 2000-nji ýylyň 19-njy fewralynda dabaraly ýagdaýda işe girizildi.
Toplumuň umumy tutýan meýdany 230 müň m2 – ýapyk meýdany 110 müň m2 we 70 müň m2 bag ekilen meýdanlardan ybarat bolup durýar. Yzygiderli önümçilik häsiýetine eýe bolan toplumda 3 çalşykda iş alnyp barylýar. Kompleksiň düzümine egirme, dokma, örme, boýama-basma we tikinçilik fabrikleri girýär. Önümçilik desgasy dünýäde öňdebaryjy kompaniýalaryň enjamlary bilen doly enjamlaşdyrylan.
“Türkmenbaşy tekstil kompleksinde” öndürilýän önümleriň aglaba bölegi ABŞ-a, Ýewropa döwletlerine, Awstraliýa, Russiýa Federasiýasyna hem-de goňşy ýurtlara eksport edilýär. Şeýle hem içerki bazaryň talaplarynyň islegleri nazara alnyp, welaýatlara we Aşgabat şäherinde ýerleşýän söwda nokatlaryna önümler yzygiderli ugradylýar.