18-nji aprelde geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň suw üpjünçilik desgalaryny we ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu işler “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipelere laýyklykda alnyp barylýar. Munuň özi senagat-önümçilik desgalarynyň üpjünçilik ulgamlaryny has-da kämilleşdirmäge, döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga gönükdirilen işleri üstünlikli ýerine ýetirmäge, hususan-da, zawodlar toplumynyň önümçiligi üçin suwuň zerur bolan möçberi bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebiti gaýtadan işleýän senagatyny ösdürmek we yzygiderli döwrebaplaşdyrmak babatda maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň suw üpjünçilik desgalaryny we ulgamlaryny döwrebap ýagdaýa getirmek boýunça teklibi makullady hem-de wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.