16-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy.
Sammitde Prezident Şawkat Mirziýoýew döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň 2026-njy ýylda täze — “Merkezi Aziýa we Azerbaýjan” formatynda geçiriljek döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklygy kabul etmegi bilen gutlady.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygynda başlyklygy kabul etmek bilen, biziň agzybirligimizi we jebisligimizi pugtalandyrmak, ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek, sebitiň daşarky maýa goýumlar we energetika, ulag, kommunikasiýa hem-de beýleki ulgamlarda iri halkara taslamalar üçin özüne çekijiligini artdyrmak üçin ähli tagallalary eder diýip öz çykşynda belledi.
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklary sebitiň bäş ýurdunyň arasynda hoşniýetli goňşuçylygy, ynanyşmagy we integrasion prosesleri pugtalandyrmak maksady bilen döredilen möhüm sebit meýdançasydyr. Sammitlerde özara gyzyklanma bildirilýän esasy meseleler boýunça dialogy ösdürmäge üns berilýär. Ykdysady meseleleriň çäklerinde döwlet Baştutanlary haryt dolanyşygyny artdyrmak, maýa goýum hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak, ulag-logistika arabaglanyşygyny ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar. Mundan başga-da, suw hojalygy, energetika ulgamlarynda tagallalary utgaşdyrmak, şol sanda serhetüsti suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, bitewi energetika ulgamyny ösdürmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy, ylym-bilim, medeniýet we syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary ilerletmek bilelikdäki işiň wajyp ugurlarynyň biridir. Her duşuşygyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannamalar we konseptual maksatnamalar kabul edilýär.
PDF









