2027-nji ýylyň başyndan «Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan» (TOPH) gaz geçirijisi arkaly Owganystana tebigy gazyň akdyrylyp başlanmagy meýilleşdirilýär. Bu barada “TAPI Pipeline Company Limited” kompaniýasynyň baş direktory Muhammetmyrat Amanow «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» atly halkara maslahatynyň we sergisiniň dowamynda beýan etdi.
Amanow: «Gaz geçirijiniň Owganystandaky bölegi babatda, biziň meýilnamamyz, maksadymyz – gurluşyk işlerini indiki ýylyň ahyryna çenli tamamlamak we indiki ýylyň ahyrynda ýa-da 2027-nji ýylyň başynda gaz akdyryp başlamak» diýip, belledi.
Ol şeýle hem, taslamany durmuşa geçirmek üçin zerur bolan esasy ylalaşyklary baglaşmak boýunça Pakistan bilen gepleşikleriň gidişi barada habar berdi. Taslamanyň operatory: «Biz Pakistanyň geljekdäki maýa goýumlary goraýan, maýadarlara we ähli hökümet edaralary, gaz geçiriji agentlikleri we beýleki zerur ylalaşyklar ýaly maliýe institutlaryna ynam berýän esasy ylalaşyklary baglaşmaga gatnaşmagy ugrunda işleýäris» diýip, belläp geçdi.
Taslama laýyklykda, 5 milliard kub metr möçberinde tebigy gaz Owganystana, 14 milliard kub metrden bolsa Pakistana we Hindistana iberiler.
Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda gaz geçirijiniň uzynlygy 214 km bolan türkmen böleginiň gurluşygy tamamlandy. Golaýda Gahryman Arkadagymyz TOPH gaz geçirijisi taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna barýan gurluşygynyň nobatdaky tapgyryna ak pata berdi.