Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklar Garaşsyzlyk döwründen bäri tapgyrlaýyn ösdürilip gelinýär. 1992-nji ýylda iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy we şol döwürden başlap, syýasy, ykdysady, medeni hem-de bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary kem-kemden giňeldi. Bu hyzmatdaşlygyň esasyny Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty we ABŞ-nyň Merkezi Aziýa boýunça oňyn diplomatik gatnaşygy düzýär.
Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk
Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda giň gerimli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary bar. ABŞ Türkmenistandaky ykdysady özgertmeleri, energetika ulgamyndaky durnukly ösüşi, ekologik meseleleriň çözgüdini hem-de bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy goldaýar. Energetika ulgamynda ABŞ Türkmenistanyň tebigy gaz gorlaryny dünýä bazarlaryna çykarmakda hyzmatdaş bolmagy maksat edinýär. Şeýle-de iki tarap ulag we logistika geçelgelerini ösdürmek, daşky gurşawy goramak, metan zyňyndylaryny azaltmak ýaly ugurlarda hem iş alyp barýar. Ylym we bilim ugurlary hem gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýar.
Syýasy gatnaşyklar
Syýasy derejede Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda yzygiderli gepleşikler, maslahatlaşmalar we ýokary derejeli duşuşyklar geçirilýär. ABŞ Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny goldaýandygyny yzygiderli beýan edip gelýär. Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi sebitiň parahatçylygyny we durnuklylygyny üpjün etmekde möhüm orny eýeleýär.
ABŞ–Merkezi Aziýa (C5+1) hyzmatdaşlyk mehanizmi
C5+1 atly hyzmatdaşlyk görnüşi 2015-nji ýylda döredildi. Bu formatyň agzalary – Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan we Amerikanyň Birleşen Ştatlarydyr. Bu meýilnama Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, howpsuzlygy üpjün etmek, ekologiýa we innowasiýa ugurlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek maksadyny öňde goýýar. Sammitleriň dowamynda taraplar sebitiň ykdysady ösüşini, ulag-energetika geçelgelerini, suw serişdelerini tygşytly ulanmak meselelerini we ýaşlar diplomatiýasyny ara alyp maslahatlaşýarlar. Şeýle hem C5+1 hyzmatdaşlygy halkara parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş maksatlaryna hyzmat edýär.
Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklar parahatçylykly, özara hormat goýmak we bähbitleriň deňligi ýörelgelerine esaslanýar. ABŞ–Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk mehanizmi bolsa bu gatnaşyklaryň has-da pugtalanyp, täze mazmun bilen baýlaşmagyna ýardam edýär. Bu hyzmatdaşlyk diňe bir ýurtlaryň arasynda däl, eýsem, tutuş sebitiň ykdysady ösüşine, parahatçylygyna we durnuklylygyna hyzmat edýän möhüm diplomatik meýilnama hökmünde ähmiýetlidir.
Dünýägözel BABAÝEWA,
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň arassaçylyk-gigiýena bölüminiň iýmit gigiýenasy boýunça sanitar lukmanyň kömekçisi.
 PDF
 PDF 
		

 
                         