“Türkmenistan” awiakompaniýasy täze açylan we bar bolan halkara gatnawlara arzanlaşyk girizendigini habar berýär. Awiakompaniýanyň resmi saýtynda bellenilişi ýaly, Aşgabat – Hoşimin – Aşgabat, Aşgabat – Milan – Aşgabat, Aşgabat – London – Aşgabat we Aşgabat – Frankfurt – Aşgabat halkara ugurlaryna 2024-nji ýylyň mart aýynyň ahyryna çenli awiabiletlerde ýeňillikler girizilipdir.
Ýolagçylar görkezilen ugurlara awiapetekleri aşakdaky bahalarda satyn alyp bilerler:
Aşgabat – Hoşimin – Aşgabat — 7 294 ТМТ
Aşgabat – Milan – Aşgabat — 7 300 ТМТ
Aşgabat – London – Aşgabat — 7 847 ТМТ
Aşgabat – Frankfurt – Aşgabat — 7 540,9 ТМТ
Bu mümkinçilikden peýdalanmak isleýän ýolagçylar web-saýt arkaly petekleri belläp (bron edip) ýa-da awiakompaniýanyň ofislerine ýüz tutup bilerler.