“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň sargyt eden 2 sany “Airbus A330-200P2F” kysymly ýük uçarynyň ilkinjisi taýýar edildi. Bu sargyt 2021-nji ýylyň ýanwarynda edilipdi.
“Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň milli maksatnamasyna” laýyklykda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, “Türkmenhowaýollary” agentligi bilen “Airbus S.A.S” kompaniýasynyň arasynda ýük uçarlaryny satyn almak boýunça ylalaşyk gazanylypdy.
Şol ylalaşyga laýyklykda, “Airbus” kompaniýasy tarapyndan şol uçarlaryň ilkinjisi taýýar boldy.
“Cargofacts.com” internet neşiriniň habaryna görä, bu uçarda “Rolls-Royce Trent 700” hereketlendirijisi oturdylyp, bir gezekki ýangyjy bilen 7400 kilometre çenli uçuşy amala aşyrmak mümkinçiligine eýe.