9-njy no­ýabr­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­na sa­par bi­len ge­len Awst­ri­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Ýew­ro­pa we hal­ka­ra iş­ler bo­ýun­ça fe­de­ral mi­nist­ri Mi­ha­el Lin­har­ty ka­bul et­di.

Myh­man wagt ta­pyp ka­bul eden­di­gi üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za Awst­ri­ýa­nyň Fe­de­ral Pre­zi­den­ti­niň we Fe­de­ral Kans­le­ri­niň sa­la­my­ny ýe­tir­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, awst­ri­ýa­ly hyz­mat­daş­la­ryň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si­ne esas­lan­ýan hem-de giň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len da­şa­ry sy­ýa­sy ug­ry ama­la aşyr­ýan Türk­me­nis­tan bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge ça­lyş­ýan­dy­gy tas­syk­la­nyl­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hoş­ni­ýet­li söz­ler üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak we yna­nyş­mak ýö­rel­ge­le­rin­de gu­ral­ýan döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni hem-de dost­luk­ly hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di. Mil­li Li­de­ri­miz Awst­ri­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň ýol­baş­çy­la­ry­na iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan edip, iki ýur­duň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we dü­züm­le­riň – BMG-niň, ÝHHG-niň we beý­le­ki gu­ra­ma­la­ryň, şol san­da soň­ky ýyl­lar­da has iş­jeň hä­si­ýe­te eýe bo­lan Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň çä­gin­de üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da ägirt uly kuw­wa­ta eýe bo­lan türk­men-awst­ri­ýa hyz­mat­daş­ly­gy­nyň şu gün­ki ýag­da­ýy we gel­je­gi ba­ra­da gy­zyk­lan­ma bil­di­ri­lip pi­kir al­şyl­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, söw­da-yk­dy­sa­dy ul­gam­da ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy bel­le­nil­di. Şun­da Türk­men-awst­ri­ýa bi­le­lik­dä­ki to­pa­ry­nyň işi­ne hem-de işe­wür­ler to­par­la­ry­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ra mö­hüm orun de­giş­li­dir.
Awst­ri­ýa­nyň we tu­tuş Ýew­ro­pa işe­wür­li­gi­niň gel­je­gi uly türk­men ba­za­ryn­da eýe­le­ýän or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga ça­lyş­ýan­dy­gy nyg­tal­dy. Bu ýer­de işe­wür­le­riň ne­ti­je­li iş­le­me­gi üçin amat­ly ma­ýa go­ýum ýag­da­ýy dö­re­dil­di. Awst­ri­ýa­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­sy­nyň ýol­baş­çy­sy­nyň ýur­du­my­za sa­pa­ry wag­tyn­da ýa­nyn­da bol­ýan we­ki­li­ýe­tiň giň dü­zü­mi hem mu­ňa aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Se­na­gat, ener­ge­ti­ka, ulag we yk­dy­sa­dy­ýe­tiň beý­le­ki ul­gam­la­ry hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­dyr. Şu­nuň bi­len bir­lik­de me­de­ni-yn­san­per­wer ul­ga­myň döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm bö­le­gi bo­lup dur­ýan­dy­gy nyg­tal­dy. Bu ba­bat­da Türk­men-awst­ri­ýa jem­gy­ýe­ti­niň işi hem-de bi­le­lik­dä­ki «Gal­ky­nyş» sim­fo­ni­ki or­kest­ri­niň çy­kyş­la­ry, türk­men paý­tag­tyn­da aja­ýyp We­na ba­ly­nyň yzy­gi­der­li ge­çi­ril­me­gi, Aş­ga­bat­da we We­na­da gu­ra­lan iki ýur­duň Me­de­ni­ýet gün­le­ri­dir beý­le­ki dö­re­di­ji­lik çä­re­le­ri mu­nuň aý­dyň my­sa­ly­dyr. Türk­men-awst­ri­ýa jem­gy­ýe­ti­niň ýa­nyn­da de­giş­li in­ter­net-saý­ty açyl­dy hem-de «Gal­ky­nyş» žur­na­ly çap edil­ýär.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, şeý­le çä­re­ler­dir tas­la­ma­lar iki ýur­duň we halk­la­ryň ara­syn­da­ky dost­luk, öza­ra dü­şü­niş­mek gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Ylym we bi­lim ul­ga­myn­da, in­no­wa­si­ýa­la­ry, öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak­da hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mä­ge uly äh­mi­ýet be­ril­ýär.
Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz we Awst­ri­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Ýew­ro­pa we hal­ka­ra iş­ler bo­ýun­ça fe­de­ral mi­nist­ri sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­ma­gyň, da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­la­ry­nyň ug­ry bo­ýun­ça yzy­gi­der­li ge­ňeş­me­le­ri do­wam et­dir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni aýt­dy. Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, Awst­ri­ýa Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär we türk­men Li­de­ri­niň hä­zir­ki döw­rüň wa­jyp me­se­le­le­ri­ni çöz­mä­ge hem-de dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, aba­dan­çy­ly­gyň ber­ki­dil­me­gi­ne, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na la­ýyk gel­ýän baş­lan­gyç­la­ry­ny do­ly gol­da­ýar.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, iki döw­le­tiň ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­de ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­ga yg­rar­ly­dy­gy, se­bit we äh­lu­mu­my de­re­je­de howp­suz­ly­gy hem-de dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün et­mä­ge ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge taý­ýar­dy­gy tas­syk­la­nyl­dy.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da hor­mat­ly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Awst­ri­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Ýew­ro­pa we hal­ka­ra iş­ler bo­ýun­ça fe­de­ral mi­nist­ri Mi­ha­el Lin­hart döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ta­rap­la­ryň oňyn tej­ri­be­si­ne hem-de hoş­me­ýil­li erk-is­le­gi­ne da­ýa­nyp, mun­dan beý­läk-de üs­tün­lik­li ös­dü­ril­jek­di­gi­ne, tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ryl­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di­ler.
Du­şu­şy­ga Türk­men-awst­ri­ýa jem­gy­ýe­ti­niň ýol­baş­çy­sy Ne­da Ber­ger hem gat­naş­dy.

* * *

Şol gün Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­do­wyň türk­men paý­tag­ty­na iş sa­pa­ry bi­len ge­len Awst­ri­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Ýew­ro­pa we hal­ka­ra iş­le­ri bo­ýun­ça Fe­de­ral mi­nist­ri M.Lin­hart bi­len du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di.
Iş­jeň ýag­daý­da ge­çi­ri­len söh­bet­deş­li­giň do­wa­myn­da da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň esa­sy ugur­la­ry­na se­re­dip geç­di­ler, şeý­le-de hal­ka­ra gün ter­ti­bi­niň der­wa­ýys me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pi­kir alyş­dy­lar. Şun­da iki ýur­duň ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň çäk­le­rin­dä­ki baş­lan­gyç­la­ry­nyň öza­ra gol­da­nyl­ma­gy­nyň der­wa­ýys­ly­gy aý­ra­tyn bel­le­nil­di.
2022-nji ýy­lyň bi­rin­ji ýa­rym­ýyl­ly­gyn­da Bi­le­lik­dä­ki türk­men-awst­ri­ýa to­pa­ry­nyň no­bat­da­ky 11-nji mej­li­si­niň ge­çi­ril­me­gi hem tek­lip edil­di.
Du­şu­şy­gyň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň ma­ýa go­ýum müm­kin­çi­lik­le­ri­ne ba­gyş­la­nan ta­nyş­dy­ryş çä­re­si ge­çi­ril­di. Oňa iki ýur­duň DIM-niň ýol­baş­çy­la­ry, Türk­me­nis­ta­nyň de­giş­li pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry hem-de Awst­ri­ýa­nyň işe­wür­lik dü­züm­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.
Gep­le­şik­le­riň jem­le­ri bo­ýun­ça R.Me­re­dow hem-de M.Lin­hart Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi bi­len Awst­ri­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Ýew­ro­pa we hal­ka­ra iş­le­ri bo­ýun­ça Fe­de­ral mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da 2022-2023-nji ýyl­lar üçin hyz­mat­daş­lyk et­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­na gol çek­di­ler.
Şeý­le hem şol gün Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň bi­na­syn­da Aş­ga­ba­da iş sa­pa­ry bi­len ge­len Awst­ri­ýa­nyň işe­wür­ler to­pa­ry bi­len du­şu­şyk ge­çi­ril­di.
Iki ýur­duň hu­su­sy pu­dak­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň ara­syn­da ener­ge­ti­ka, ulag we lo­gis­ti­ka, ýe­ňil se­na­gat, söw­da we yk­dy­sa­dy­ýet, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar, sag­ly­gy go­ra­ýyş we far­ma­sew­ti­ka, şeý­le-de beý­le­ki ile­ri tu­tul­ýan ugur­lar bo­ýun­ça iş­jeň öza­ra he­re­ket­le­riň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gi­ne gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­di.
Awst­ri­ýa­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň dü­zü­mi­ne dost­luk­ly ýur­duň iri kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň we­kil­le­ri gir­di. Ge­çi­ri­len du­şu­şyk­la­ra gat­na­şy­jy­la­ryň ha­ta­ryn­da hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça ra­dio­ýaý­lym en­jam­la­ry­ny ön­dü­ri­ji «Hei­del­ber­ger Druckmaschi­nen Eas­tern Eu­ro­pe GmbH» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň, ýan­gy­na gar­şy en­jam­la­ry we ýö­ri­te aw­to­mo­bil­le­ri ge­tir­ýän «Ro­sen­bauer In­ter­na­tio­nal AG» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň, ulag dü­züm­le­ri­niň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça «Wa­ag­ner Bi­ro Brid­ge Sys­tem» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň, luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ry üçin önüm­le­ri ge­tir­ýän «VAMED» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň, «Eu­ro­pe Con­sult GmbH» kon­sal­ting-mas­la­hat be­riş kom­pa­ni­ýa­sy­nyň, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my üçin teh­no­lo­gik çöz­güt­le­ri taý­ýar­la­ýan «AME In­ter­na­tio­nal», elekt­roe­ner­gi­ýa­nyň dur­nuk­ly önüm­çi­li­gi üçin tä­ze­çil çöz­güt­le­ri öňe sür­ýän «Gep­pert GmbH» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň, şeý­le hem «Os­ter­reichische Kont­roll­bank AG» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň we iki ýur­duň yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry­na iş­jeň gol­daw ber­ýän Awst­ri­ýa­nyň Fe­de­ral yk­dy­sa­dy pa­la­ta­sy­nyň we­kil­le­ri bar.
Ara alyp mas­la­hat­laş­ma­la­ryň çyg­ryn­da Türk­me­nis­tan­da dö­re­di­len giň ge­rim­li ma­ýa go­ýum şert­le­ri be­ýan edil­di. Iki ýur­duň äh­mi­ýet­li müm­kin­çi­lik­le­ri­niň peý­da­la­nyl­ma­gy ar­ka­ly ta­rap­la­ryň gö­ni gat­na­şyk­la­ry­nyň gi­ňel­dil­me­gi dog­ru­syn­da hem pi­kir al­şyl­dy.
Işe­wür­lik du­şu­şy­gy­nyň çäk­le­rin­de şeý­le-de Türk­me­nis­ta­nyň we Awst­ri­ýa­nyň döw­let hem-de hu­su­sy ul­ga­my­nyň we­kil­le­ri­niň ara­syn­da iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­lar hem gu­ral­dy. Ta­rap­la­ryň ara­syn­da ön­jeý­li hem-de uzak­möh­let­le­ýin hyz­mat­daş­ly­gyň has-da pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len äh­mi­ýet­li yla­la­şyk­lar ga­za­nyl­dy.