Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hormatly Prezidentimiziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len ösüp bar­ýan ýaş ne­sil­le­riň bi­lim­li, ter­bi­ýe­li we ukyp­ly ýaş­lar bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri ba­ra­da­ky ala­da­lar mil­li Li­de­ri­mi­ziň dur­muş ugur­ly sy­ýa­sa­ty­nyň öze­ni­ni düz­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, Türk­me­nis­tan – bag­ty­ýar ça­ga­ly­gyň me­ka­ny­dyr. Bi­ziň ça­ga­la­ry­myz er­tir­ki gü­nü­mi­ze yna­my­myz­dyr, kuw­wa­ty­myz­dyr we şöh­rat-şa­ny­myz­dyr.
Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da ene­le­riň we ça­ga­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­mak bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, mil­li Li­de­ri­mi­ziň gol çe­ken ta­ry­hy Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, ýur­du­myz­da «Sag­dyn ene-sag­dyn ça­ga-sag­dyn gel­jek» at­ly 2021-2025-nji ýyl­lar üçin Mil­li stra­te­gi­ýa ka­bul edil­di.
Ýaş ne­sil­le­riň be­den sag­ly­gy­ny, ru­hy ösü­şi­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar, enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny has-da go­wu­lan­dyr­mak, ýo­ka­ry hil­li luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­ny we maş­ga­la me­de­ni­ýe­ti­ni has-da kä­mil­leş­dir­mek ug­run­da ze­rur ta­gal­la­lar edil­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da ça­ga­la­ryň hem-de ýaş türk­me­nis­tan­ly­la­ryň gel­je­gi ug­run­da uly ala­da­lar edil­ýär. Paý­tag­ty­myz­da, we­la­ýat mer­kez­le­rin­de we oba ýer­le­rin­de döw­re­bap ça­ga­lar bag­la­ry, mek­dep­ler, be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş, me­de­ni aň-bi­lim we dö­re­di­ji­lik top­lum­la­ry, dynç alyş mer­kez­le­ri gur­lup, ula­n­ma­ga be­ril­ýär. Ine, go­laý­da Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Fa­rap et­ra­byn­da tä­ze me­de­ni-dynç alyş mer­ke­zi­niň açyl­ma­gy mu­nuň aý­dyň my­sa­ly­dyr. 1,5 gek­tar meý­da­ny bo­lan top­lum­da ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­le­riň dynç al­mak­la­ry, wagt­y­ny peý­da­ly ge­çir­mek­le­ri we sag­lygy­ny ber­kit­mek­le­ri üçin äh­li ze­rur şert­ler dö­re­dil­di.
Bag­ty­ýar ça­ga­la­ryň şat­ly­gy, joş­gun­ly gül­kü­le­ri hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gel­je­gi­miz bo­lan ýaş ne­sil­le­riň hem­me­ta­rap­la­ýyn ösü­şi­ne, sag­dyn­ly­gy­na we aba­dan­çy­ly­gy­na gö­nük­di­ri­len döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ro­waç­lyk­la­ra bes­len­ýän­di­gi­ni aň­lad­ýar.
Tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da ýur­du­myz­da ýaş­la­ryň bag­ty­ýar gel­je­gi, maş­ga­la ojak­la­ry­nyň berk bol­ma­gy üçin äh­li ta­gal­la­lar edil­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň nyg­taý­şy ýa­ly, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň esa­sy bo­lan maş­ga­la­ny gol­da­mak ýur­du­my­zyň ama­la aşyr­ýan sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Mil­li Li­de­ri­miz Le­bap we­la­ýa­ty­na ama­la aşy­ran sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­syn­dan Le­bap we­la­ýa­ty­nyň her bir et­ra­by­nyň has­sa­ha­na­la­ry­nyň ça­ga­lar bö­lü­mi üçin tä­ze «Tiz kö­mek» aw­tou­lag­la­ry­nyň 10-sy­ny sow­gat ber­me­gi hem ça­ga­lar ba­ra­da edil­ýän ala­da­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Ça­ga­lar hem-de ýaş ne­sil­ler ba­ra­da edil­ýän ala­da­la­ryň çä­gi ýok­dur. Şu gün­ler ýaş türk­me­nis­tan­ly­lar ýur­du­my­zyň çar kün­je­gin­de döw­re­bap dynç alyş mer­kez­le­rin­de dynç alyp, to­mus­ paslynyň hö­zi­ri­ni gör­ýär­ler.
Goý, şeý­le aja­ýyp­lyk­la­ry bi­ze peş­geş ber­ýän hormatly Prezidentimiziň ja­ny sag, ba­şy dik bo­lup, il-ýurt bäh­bit­li tut­ýan tu­tum­ly iş­le­ri üs­tün­lik­le­re bes­len­sin!

Çy­nar HO­JA­MU­HAM­ME­DO­WA,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň
uly mu­gal­ly­my.