«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýyl okgunly ösüşler bilen badalga aldy. Ýakynda Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi. Mejlisde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we durmuş ulgamynyň şu ýyl üçin iş meýilnamalary tassyklanyldy. Olarda bellenilen möhüm wezipeler ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr.
2026-njy ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini durnukly ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde guwandyryjy görkezijiler gazanyldy. Ýylyň ilkinji aýynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda diýen ýaly oňyn ösüş depginleri üpjün edildi.
Resmi maglumatlara görä, milli ykdysadyýetde durnukly ösüş saklanyp, jemi içerki önümiň möçberi öňki ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende artdy. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim ýokarlandy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 2 göterime, gurluşykda 6 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 9,3 göterime, söwdada 8,2 göterime, oba hojalygynda 2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,5 göterime deň boldy. Bu ýagdaý hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýanyň, döwlet maksatnamalarynyň hem-de toplumlaýyn ösüş syýasatynyň netijeliligini aýdyň görkezýär. Ýanwar aýynda senagat önümçiligi, hususan-da, ýangyç-energetika toplumy, gurluşyk we himiýa senagaty pudaklarynda öndürijiligiň ýokarlanmagy üpjün edildi. Nebitgaz pudagynda alnyp barylýan döwrebaplaşdyryş işleri, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy önümçiligiň möçberiniň artmagyna oňyn täsir etdi.
Oba hojalyk pudagynda hem meýilleşdirilen işler üstünlikli ýerine ýetirildi. Ekerançylykda we maldarçylykda önümçilik görkezijileri durnukly saklanyp, içerki bazar azyk önümleri bilen yzygiderli ýagdaýda üpjün edildi.
Şeýle hem maýa goýum işjeňligi ýokary derejede dowam etdi. Döwlet we hususy maýa goýumlarynyň netijesinde iri önümçilik desgalarynyň gurluşygy alnyp baryldy, täze iş orunlary döredildi. Bu ýagdaý ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, zähmet bazarynyň işjeňleşmegine ýardam berdi.
Daşary ykdysady gatnaşyklar ulgamynda hem oňyn netijeler gazanyldy. Eksport ugurly önümleriň möçberiniň artmagy, halkara hyzmatdaşlygyň giňelmegi milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny has-da berkitdi.
Umuman, 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda gazanylan guwandyryjy ykdysady netijeler ýurdumyzyň durnukly ösüş ýolunda ynamly öňe barýandygyny tassyklaýar. Nebitgaz, söwda, ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, oba hojalyk pudagynda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport, medeniýet ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär. Häzirki wagtda täze senagat desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş we saglyk merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň gurluşygy üstünlikli alnyp barylýar. Bu üstünlikler geljekde ykdysady ösüşiň depginini has-da ýokarlandyrmak, ilatyň abadançylygyny üpjün etmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.
Şemşat KLIÇOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
PDF









