Ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär. Şu günler 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli çäreler guralýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň giň gerimli tagallalary netijesinde täze taryhy eýýamda ahalteke bedewi Türkmenistanyň esasy nyşanyna, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň aýdyň alamatyna öwrüldi.
Ýurdumyzda halkymyzyň durmuşynda uly orun eýeläp, tebigy gözelligi bilen bütin dünýäni haýrana goýýan, türkmen halkynyň göz guwanjy, uçar ganaty bolan ahalteke bedewlerimize çäksiz sarpa goýulýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň milli gymmatlyklaryny gorap saklamak, olaryň ähmiýetini, jemgyýetimiziň durmuşyndaky ornuny giňden wagyz etmek hem-de döwrebap derejede dünýä giňişligine ýaýmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Türkmen halky ençeme maddy gymmatlyklary döreden, umumadamzat medeni hazynasyna uly goşant goşan halkdyr. Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi türkmen bedewleriniň dünýädäki at-abraýyny has-da şöhratlandyrdy.
Dünýä bedewleriniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan ahalteke bedewlerimiz halkymyzyň genji-hazynasy, göz-guwanjy, milli mirasy. Ata-babalarymyz geçmişde nähili şan-şöhrat gazanan bolsalar, olaryň ählisinde ahalteke bedewleriniň hem goşandy uludyr. Şonuň üçin hem ynsan häsiýetli bedewler her bir ýigidiň ýakyn dosty, syrdaşy, toýda-jeňde ýoldaşy hasap edilipdir. Halkymyzyň bedew atyna goýýan hormaty ajaýyp döwrümizde ýene bir mertebe belende galdy. Muny Garaşsyzlyk ýyllarynda baharyň iň ajaýyp günleriniň biriniň Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanmagy, atçylyk toplumlarynyň gurlup, olarda gadym döwürlerden bäri tohumy ýitirilmän gelýän ahalteke bedewlerimiziň idedilmegi ýaly işler hem görkezýär. Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde atçylygyň we atly sportuň dürli ugurlary boýunça bu ugurdan ýaş hünärmenleri halkara derejede taýýarlamak, ahalteke bedewleriniň özboluşly aýratynlyklaryny, taryhyny, seýisçilik we tohumçylyk seçgi işlerini ylmy taýdan düýpli öwrenmek maksady bilen uly işler alnyp barylýar.
Türkmen bedewi çäksiz söýgä we hormata mynasypdyr. Bedew türkmen topragynda üstünlikli amala aşyrylýan özgerişlikleriň badyna bat goşýar. Halkymyza hemişe ýaran bolan behişti bedewlerimiz taryhda durnukly ösüşde hem-de öz ornuňy berkitmekde derwaýys bolan iň gowy häsiýetleriň hem-de merdanalygyň nusgasy bolupdyr. Hut şonuň üçin hem bedewlerimizi ösüşiň hem-de bagtyň alamaty diýip hasap edýäris.
Goý, türkmen bedewleriniň bagtyň owazyna meňzeş kişňemesi toý-baýramlarymyzda hemişe ýaňlanyp dursun! Watanymyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaç bolsun!
Mergen BERDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
PDF









