Aşgabatda Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwany bilen ÝUNISEF bilelikde çagalaryň hukuklaryny öňe sürmek we goramak boýunça okuw maslahatyny geçirdiler. 27–30-njy oktýabry aralygynda geçirilen okuw maslahatlarynyň dowamynda çagalary goramak babatynda mümkinçiligi ösdürmek, olaryň hukuklarynyň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmek, şikaýatlara seretmek we olar boýunça barlag geçirmek boýunça amaly çemeleşmelere aýratyn üns berildi.
Okuw maslahaty Türkiýe Respublikasynyň Ombudsmeniniň institutyndan gelen çagalaryň hukuklary we sosial goldaw boýunça hünärmenler tarapyndan alnyp baryldy. Hünärmenler Türkmenistanda çaganyň gorag ulgamyny kämilleşdirmäge ýardam berjek netijeli gurallary, kadalaşdyrylan amaly usullary we iň oňat tejribeleri bilen paýlaşdylar. Okuw maslahatyna gatnaşyjylar şikaýat etmegiň mehanizmlerini çagalar üçin has elýeterli we amatly etmek, maglumatlaryň gizlinligini üpjün etmek we çaganyň hukuklarynyň bozulmagy bilen bagly ýagdaýlarda pudagara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek boýunça pikir alyşdylar.
“Bu okuw maslahaty Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanynyň we Türkiýe Respublikasynyň Ombudsmeniniň institutynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň möhüm netijesidir. 2025-nji ýylyň maý aýynda ÝUNISEF-iň goldawy bilen guralan Türkmenistanyň Adalatçysynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran tejribe alyşma saparynyň dowamynda bu hyzmatdaşlygyň düýbi tutuldy. Biz her bir çaganyň hukuklarynyň doly goralmagy we öňe sürülmegi üçin jogapkär edaralaryň arasynda tejribe alyşmagyň we bilim hyzmatdaşlygynyň dowam etdirilmegine üns bermegimizi dowam ederis” diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Maýike Beýker aýtdy.
Okuw maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň durmuş işi boýunça hünärmenleri üçin aýratyn sessiýa hem geçirildi. Bu hünärmenler ilatyň durmuş hyzmatlarynyň edilmegine mätäç toparlary we maşgalalar bilen gönüden-göni işleýän öň hatardaky işgärlerdir. Olar durmuş hyzmatlarynyň edilmegine mätäç adamlary, şol sanda çagalary ýüze çykarmak, ugrukdyrmak we goldamakdaky möhüm orny barada gürrüň etdiler. Şeýle hem durmuş işi boýunça hünärmenleriň gündelik işinde ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryna garamazdan, dogry çemeleşme we hyzmatdaşlyk bilen nähili uly täsir döredýändikleri bellenildi. Okuw maslahatyna gatnaşyjylar Adalatçynyň Diwanynyň we durmuş hyzmatlary bilen üpjün edijileriň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlygyň her bir çaganyň howpsuz, goldawly we diňlenilýän gurşawda ösmegini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar.
“Bu başlangyç Türkmenistanda çagalaryň goragy ulgamyny has-da kämilleşdirmekde we her bir çaganyň hukuklaryny üpjün etmekde möhüm ädim boldy. Türkiýeli kärdeşlerimiziň tejribesi bilen tanyşmak, şeýle hem durmuş işi boýunça hünärmenler we beýleki hyzmatdaşlar bilen ýakyn iş salyşmak bilen, biz şikaýat etmek mehanizmleriniň hem elýeterli, çagalar üçin amatly we netijeli bolmagyny üpjün edýäris. Hyzmatdaşlyk we tejribe alyşmak çagalary goramagyň we olaryň zerurlyklaryna jogap bermegiň ýardamydyr. Biz her bir çaganyň ösmegi, özüni howpsuz we goldawly duýmagy ugrunda zähmet çekmegimizi dowam etdirýäris,” diýip, Türkmenistanyň Adalatçysy Ýazdursun Gurbannazarowa belledi.
ÝUNISEF Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlykda Çaganyň hukuklary baradaky Konwensiýanyň çäklerinde öz üstüne alan halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini, Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023–2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň amala aşyrylmagyny we Durnukly ösüş maksatlarynyň öňe gitmegini goldamagyny dowam etdirer. Bu alnyp barylýan işler çaganyň gorag ulgamyny güýçlendirmegi, şol pudagyň edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegini, şeýle hem her bir çaganyň howpsuz, goragly we mümkinçilikli gurşawda kemala gelmegini üpjün etmek üçin tejribe alyşmagy we subutnama esasly çemeleşmeleri ösdürmegi öz içine alýar.