19-njy maýda Londonda geçirilen Bütindünýä Bilim Forumynyň 4b paralel sessiýasynyň çäklerinde “Bilimde sanly geçişiň döredýän kynçylyklary we mümkinçilikleri nämelerden ybarat?” atly ýokary derejeli panel maslahat geçirildi. Bu maslahatda Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary A.Ataýew çykyş etdi.
Sessiyada Gananyň bilim ministri Haruna Idrisu, Italiýanyň Bilim we Mertebe ministrliginiň baş direktory Sabrina Kapasso, şeýle hem sessiýanyň moderatory hökmünde çykyş eden Bilim Obserwatoriýasynyň emeli aň boýunça ýokary derejeli geňeşçisi Maýk Trukano ýaly abraýly bilim ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Çykyşynda ministriň orunbasary A.Ataýew bilim ulgamynda sanly özgertmeleri ilerletmek boýunça Türkmenistanyň ygrarlylygyny nygtady. Ol sanly mazmunlary taýýarlamak, okuw prosesine emeli aň tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy we milli bitewi bilim platformasynyň döredilmegi ýaly milli başlangyçlary beýan etdi. Şeýle hem, A.Ataýew maglumatlara esaslanýan çemeleşmeleriň üsti bilen okatmagy şahsylaşdyrmagyň we okuw usullaryny kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi.
A.Ataýew üstünlikli we durnukly sanly geçişi üpjün etmekde döwlet we hususy hyzmatdaşlygyň möhüm orny barada aýratyn durup geçdi. Şeýle-de, karar kabul etmekde we mümkinçilikleri ösdürmekde ýardam bermek maksady bilen, Türkmenistanda hususy bilim edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenlerinden düzülen maslahat geňeşiniň döredilendigi barada habar berdi.
Sessiýanyň dowamynda bilimde emeli aňyň ulanylmagynyň etiki taraplary, inklýuziw we howpsuz sanly gurşawy döretmegiň zerurlygy, şeýle hem halkara kadalarynyň ornaşdyrylmagy bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. A.Ataýew Türkmenistan tarapyndan UNESCO-nyň tekliplerine we Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (OECD) sanly bilim boýunça ýörelgelerine laýyklygyň doly goldanýandygyny tassyklady.
Maslahat 100-den gowrak döwletiň wekilleriniň gatnaşmagynda uly gyzyklanma bilen garşylandy we sanly döwürde durnukly, inklýuziw we innowasion bilim ulgamyny gurmak boýunça dünýä derejesindäki pikir alyşmalara möhüm goşant goşdy.
Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi.