BMG bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşi döredildi. Geňeşiň çäklerinde ýurdumyzyň Milletler Bileleşigi bilen parahatçylyk, howpsuzlyk, ykdysadyýet, durnukly ösüş, bilim, howanyň üýtgemegi, ynsanperwer syýasat ýaly ulgamlardaky hyzmatdaşlygynyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Häzirki wagta çenli geňeşiň 4 mejlisi geçirildi. Bu barada 27-nji martda geçirilen sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 31-nji martda guraljak nobatdaky bäşinji mejlisiň gün tertibine giriziljek meseleler we oňa görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça üçünji Meýletin milli synyny taýýarlamak meselesine seretmek göz öňünde tutulýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan dünýä döwletleriniň arasynda ilkinjileriň hatarynda Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede amala aşyryp başlady. Şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek we degişli hasabatlary taýýarlamak boýunça pudagara topar döredildi. Bu ugurda ýurdumyzyň ilkinji Meýletin milli synyny taýýarlamak maksady bilen, türkmen wekiliýeti 2018-nji ýylda BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (ECOSOC) howandarlygynda Nýu-Ýork şäherinde geçirilen Syýasy forumyň işine gatnaşdy. Şonuň netijesinde, 2019-njy we 2023-nji ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň Syýasy forumlarynyň çäklerinde Türkmenistan tarapyndan birinji hem-de ikinji Meýletin milli synlar hödürlenildi. Bu işleri ulgamlaýyn esasda dowam etdirmek üçin häzirki wagtda üçünji Meýletin milli synyň taslamasyny taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Olaryň esasy ugurlaryna strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde seretmek meýilleşdirilýär.
BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde metan zyňyndylaryny azaltmak, ýaşlar syýasaty ugurlarynda hyzmatdaşlyk maksatnamalarynyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak teklip edilýär. Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylda Dubaýda geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji mejlisinde Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan etdi. Şunuň bilen baglylykda, metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça yzygiderli çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, BMG tarapyndan maksatnamanyň taslamasy taýýarlandy.
Ýaşlar syýasatyna döwletimiz tarapyndan aýratyn üns berilýär. Hususan-da, “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy” kabul edildi, 2021 — 2025-nji ýyllarda ýaşlar syýasaty boýunça Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogy döredildi. Ol halkara gün tertibiniň “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” ugurlaryny öňe sürmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisinde 2026 — 2028-nji ýyllara niýetlenen “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” atly maksatnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Bu maksatnama ýaşlary goldamak, olaryň sebit we halkara derejedäki çärelere işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek üçin berk esas bolar. Häzirki wagtda BMG bilen bilelikde maksatnamanyň taslamasyny taýýarlamak boýunça gutarnykly işler alnyp barylýar.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) arasynda Maksatlaýyn gaznany döretmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyga gol çekildi. Şeýle hem guramanyň edaralary bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanylan we degişli tertipde ylalaşylan resminamalara gol çekmek teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýyl üçin öňünden ylalaşylan birnäçe resminamalar taýýarlandy.