Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de giň gol­da­wa eýe bol­ýan da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si­ne esas­lan­ýar. Bu öz­bo­luş­ly dokt­ri­na pa­ra­hat­çy­lyk­ly ýa­şa­mak, se­bit­de howp­suz­ly­gy, dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek üçin bin­ýat bo­lup, 30 ýy­lyň do­wa­myn­da ýur­du­my­za yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş we dün­ýä pro­ses­le­ri­niň iş­jeň ag­za­sy hök­mün­de çy­kyş et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän ne­ti­je­li gu­ra­la öw­rül­di. Dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi onuň tu­tuş se­bit üçin äh­mi­ýe­ti­ni yk­rar edip, döw­le­ti­mi­ziň Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­ny bir­nä­çe ge­zek tas­syk­la­dy. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň res­mi­na­ma­la­ry, şol san­da Baş As­samb­le­ýa­nyň Ka­rar­na­ma­la­ry bu sy­ýa­sa­tyň hä­zir­ki dö­wür­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­ýan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Ka­rar­na­ma­la­ry­nyň 3-si bi­len ber­ki­di­len we ös­dü­ri­len pug­ta hal­ka­ra hu­kuk bin­ýa­dy dö­re­dil­di.
Türk­men ta­ra­py hä­zir­ki döw­rüň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mä­ge we uzak möh­let­le­ýin­lik, öza­ra hor­mat goý­mak esa­syn­da kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­ma­ga iş­jeň çe­me­leş­ýär. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji­li­giň uly tej­ri­be­si­ni top­lan Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy, dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek işin­de BMG-niň mö­hüm we stra­te­gik hyz­mat­da­şy hök­mün­de çy­kyş ed­ýär. Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň BMG-niň Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek­dä­ki uly üs­tün­lik­le­ri, tu­tuş adam­za­dyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne öz pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji­lik müm­kin­çi­lik­le­rin­den ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­ga ça­lyş­ýan mö­hüm hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry we kö­pu­gur­ly işi aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­dir. BMG Türk­me­nis­tan bi­len ýo­la goý­lan ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gi­ne uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär. Türk­me­nis­tan BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa­da stra­te­gik hyz­mat­da­şy bo­lup dur­ýar.
BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 80-nji ses­si­ýa­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň ile­ri tut­ýan we­zi­pe­le­ri mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Türk­me­nis­tan Baş As­samb­le­ýa­nyň ýu­bi­leý ses­si­ýa­syn­da 2026 – 2035-nji ýyl­lar üçin «BMG-niň Dur­nuk­ly ulag bo­ýun­ça on­ýyl­ly­gy­ny» yg­lan et­mek ba­ra­da­ky Ka­rar­na­ma­ny öňe sü­rer. Bu baş­lan­gyç ulag ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mä­ge, tä­ze ge­çel­ge­le­ri dö­ret­mä­ge we äh­li ýurt­la­ryň, şol san­da deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk döw­let­le­riň ulag ul­ga­my­na el­ýe­ter­li­li­gi­ni üp­jün et­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer. Ýur­du­myz Mer­ke­zi Azi­ýa­da çöl­leş­mä gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­ni dö­ret­me­gi tek­lip eder. Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň ýaş­lar dia­lo­gy­nyň işi­ni gi­ňelt­mek mak­sa­dy bi­len, Baş As­samb­le­ýa­nyň 80-nji ses­si­ýa­syn­da Aş­ga­bat­da ýaş pa­ra­hat­çy­lyk gu­ru­jy­la­ry taý­ýar­la­jak se­bit­le­ýin plat­for­ma­ny dö­ret­mek baş­lan­gy­jy öňe sür­ler. Türk­me­nis­tan hu­kuk ul­ga­myn­da BMG bi­len hyz­mat­daş­lyk ba­bat­da hal­ka­ra hu­ku­gyň or­ny we äh­mi­ýe­ti ba­ra­da mö­hüm tek­lip­le­ri yzy­gi­der­li öňe sür­ýär. Şo­la­ryň bi­ri hem 2028-nji ýy­ly «Hal­ka­ra hu­ku­gyň ýy­ly» di­ýip yg­lan et­me­gi mak­sat edin­ýär. Me­de­ni­ýet­le­riň ara­syn­da­ky dia­lo­gy ös­dür­mek, BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň hal­ka­ra gat­na­şyk­lar­da köp dil­li­li­gi gol­da­mak ba­ra­da­ky Ka­rar­na­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin «Köp dil­li dip­lo­ma­ti­ýa­nyň hal­ka­ra gü­nü­ni» yg­lan et­mek bo­ýun­ça baş­lan­gy­jy öňe sür­mek, şol san­da «Pa­ra­hat­çy­ly­gyň we ösü­şiň esa­sy hök­mün­de Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň me­de­ni mi­ra­sy» at­ly Ka­rar­na­ma­ny taý­ýar­la­mak tek­lip edil­ýär.
Umu­man, ýur­du­myz gel­jek­ki ýyl­lar­da BMG-niň dü­züm­le­ri bi­len stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy­ny has-da ös­dü­rer.

Ogulgerek SÖÝEGOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.