22-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alnyp durmuşa geçirilýän daşary syýasat ýörelgelerine laýyklykda, birnäçe hyzmatdaş döwletler bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meselelere garaldy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz iş mas­la­ha­ty­ny açyp, il­ki bi­len, bir­nä­çe gu­ra­ma­çy­lyk me­se­le­le­ri­ne ga­ra­dy hem-de de­giş­li res­mi­na­ma­la­ra gol çek­di.
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz türk­men we­ki­li­ýe­ti­niň ýa­kyn­da Pa­kis­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­na we Hin­dis­tan Res­pub­li­ka­sy­na gul­luk iş sa­par­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­mek üçin Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­do­wa söz ber­di.
Wi­se-prem­ýer döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Türk­me­nis­tan bi­len ta­ry­hy dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry sak­la­ýan döw­let­ler bi­len hyz­mat­daş­ly­gy iler­let­mek bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň dip­lo­ma­tik gul­lu­gy­nyň öňün­de goý­ýan we­zi­pe­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de de­giş­li iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny ha­bar be­rip, hu­su­san-da, Pa­kis­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy hem-de Hin­dis­tan Res­pub­li­ka­sy bi­len iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek ba­bat­da iş­jeň gep­le­şik­le­riň ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Prezidentimiziň tab­şy­ryk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, ýur­du­my­zyň we­ki­li­ýe­ti­niň 2021-nji ýy­lyň 18-20-nji de­kab­ry ara­ly­gyn­da Nýu-De­li we Ys­la­ma­bat şä­her­le­rin­de gul­luk iş sa­par­la­ryn­da bo­lan­dyk­la­ry hem-de şo­la­ryň do­wa­myn­da hal­ka­ra äh­mi­ýet­li du­şu­şyk­la­ra gat­na­şyp, de­giş­li gep­le­şik­le­ri ge­çi­ren­dik­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di.
Wi­se-prem­ýer Hin­dis­ta­nyň Nýu-De­li şä­he­rin­de ge­çi­ri­len «Mer­ke­zi Azi­ýa – Hin­dis­tan» dia­lo­gy­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň no­bat­da­ky du­şu­şy­gy­nyň ge­çi­ri­len­di­gi­ni aýt­dy. Onuň çäk­le­rin­de ga­ra­lan esa­sy me­se­le­ler ba­ra­da ha­bar be­rip, wi­se-prem­ýer «Mer­ke­zi Azi­ýa – Hin­dis­tan» dia­lo­gy­nyň gu­ra­ma­çy­lyk-gur­luş bin­ýa­dy­ny ös­dür­mek müm­kin­çi­lik­le­ri­niň üs­tün­de du­rup geç­di. Bu ba­bat­da türk­men ta­ra­py­nyň ýur­du­my­zyň iş­jeň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­na esas­la­nyp, şu dia­lo­gyň çäk­le­rin­de yzy­gi­der­li hem-de ul­gam­la­ýyn esas­da ge­çir­mek üçin da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň de­re­je­sin­dä­ki mej­lis­le­ri­niň gu­ra­ly­ny hem-de gat­na­şy­jy döw­let­le­riň ýo­ka­ry we­zi­pe­li we­kil­le­ri­niň aý­ra­tyn ugur­lar bo­ýun­ça du­şu­şyk­la­ry­ny, bi­ler­men­le­riň mas­la­hat­laş­ma­la­ry­ny ýo­la goý­mak ba­ra­da­ky baş­lan­gyç­la­ry be­ýan edil­di. Söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­ga mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­di.
Şu baş­lan­gyç­la­ryň Mer­ke­zi we Gü­nor­ta Azi­ýa se­bit­le­ri­niň ener­gi­ýa, ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­gam­la­ry­ny bi­rik­dir­ýän tas­la­ma­la­ry, hu­su­san-da, Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Pa­kis­tan-Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň, Öz­be­gis­tan-Türk­me­nis­tan-Eý­ran-Oman ulag ge­çel­ge­si­niň tas­la­ma­la­ry­ny we beý­le­ki mö­hüm tas­la­ma­la­ry iş ýü­zün­de ama­la aşyr­mak üçin mö­hüm­di­gi bel­le­nil­di.
Dia­lo­gyň çäk­le­rin­de Ow­ga­nys­tan bi­len bag­ly me­se­le­le­re hem aý­ra­tyn üns be­ril­di. Wi­se-prem­ýer bu ba­bat­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýo­ka­ry sy­ýa­sy de­re­je­de ge­çi­ril­ýän du­şu­şyk­la­ryň we mas­la­hat­la­ryň çäk­le­rin­de be­ýan eden nuk­daý­na­zar­la­ryn­dan ugur al­nyp, bir­nä­çe esa­sy ýö­rel­ge­le­re esas­la­nyl­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Şol ýö­rel­ge­ler sy­ýa­sy ugur­da tä­ze ow­gan hä­ki­mi­ýe­ti bi­len hal­ka­ra gep­le­şik­le­riň ýo­la go­ýul­ma­gy­ny gol­da­mak­dan we Ow­ga­nys­ta­nyň goň­şy ýurt­la­ry­nyň bu ugur­da mö­hüm or­nu­ny ber­kit­mek­den, ýurt­da­ky yk­dy­sa­dy ýag­da­ýy dur­nuk­ly ýo­la goý­mak üçin onuň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni di­kelt­mek­den hem-de ös­dür­mek­den, şol san­da onuň ener­gi­ýa, ulag we ara­gat­na­şyk dü­züm­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek işi­ne gat­naş­mak­dan, ow­gan hal­ky­na yzy­gi­der­li yn­san­per­wer kö­me­gi­ni ber­mek­den yba­rat­dyr.
Bu du­şu­şyk­da ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ry özün­de jem­le­ýän Bi­le­lik­dä­ki Be­ýan­na­ma ka­bul edil­di. On­da Hin­dis­tan bi­len Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da­ky bag­la­ny­şy­gy ýo­kar­lan­dyr­mak üçin Aş­ga­bat hal­ka­ra ulag we üs­ta­şyr ge­çel­ge­si ba­ra­da­ky Yla­la­şy­ga, «Pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak sy­ýa­sa­ty – hal­ka­ra howp­suz­ly­gyň, dur­nuk­ly­ly­gyň we ösü­şiň bin­ýa­dy» at­ly hal­ka­ra mas­la­ha­tyň ne­ti­je­le­ri­niň äh­mi­ýe­ti bel­le­nil­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentiniň «Dia­log – pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li» di­ýen baş­lan­gy­jy­nyň hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çä­gin­de iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň ze­rur­dy­gy gör­ke­zil­ýär.
Wi­se-prem­ýer öz ha­sa­ba­tyn­da sa­pa­ryň do­wa­myn­da Hin­dis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Na­rend­ra Mo­di we bu ýur­duň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri bi­len du­şu­şyk­la­ryň ge­çi­ri­len­di­gi ba­ra­da hem aýt­dy. On­da Türk­me­nis­ta­nyň Hin­dis­tan bi­len dür­li ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge taý­ýar­dy­gy aý­ra­tyn bel­le­nil­di.
Söw­da, yk­dy­sa­dy, yl­my we teh­no­lo­gik hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki türk­men-hin­di hö­kü­me­ta­ra to­pa­ry­nyň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­mek, Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Pa­kis­tan-Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň tas­la­ma­sy­ny ama­la aşyr­mak üçin iki­ta­rap­la­ýyn türk­men-hin­di pu­da­ga­ra iş to­pa­ry­ny dö­ret­mek hem-de bu tas­la­ma­nyň Do­lan­dy­ry­jy ko­mi­te­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gyç­lar be­ýan edil­di. Şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň 2022-nji ýy­lyň 26-njy ýan­wa­ryn­da Hin­dis­ta­nyň baş baý­ra­my bo­lan Res­pub­li­ka gü­ni my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek da­ba­ra­la­ra hor­mat­ly myh­man hök­mün­de gat­naş­ma­gy­na hin­di ta­ra­py­nyň uly äh­mi­ýet ber­ýän­di­gi ba­ra­da aý­dyl­dy.
Wi­se-prem­ýer Pa­kis­ta­na bo­lan sa­pa­ryň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň Ys­la­ma­bat şä­he­rin­de Ys­lam Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň ge­ňe­şi­niň Ow­ga­nys­tan­da­ky yn­san­per­wer­lik ýag­daý­la­ry bo­ýun­ça adat­dan da­şa­ry mej­li­si­ne gat­na­şan­dy­gy ba­ra­da hem ha­sa­bat ber­di.
Mej­lis­de se­bit we dün­ýä ýurt­la­ry ta­ra­pyn­dan Ow­ga­nys­ta­na kö­mek ber­mek bo­ýun­ça öň­de dur­ýan we­zi­pe­ler­dir anyk çä­re­ler mas­la­hat­la­şyl­dy. Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da Ow­ga­nys­ta­na ýar­dam ber­mek, onuň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni di­kelt­mek me­se­le­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň ga­ra­ýyş­la­ry be­ýan edil­di.
Hu­su­san-da, Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Pa­kis­tan-Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­ni we Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Pa­kis­tan elekt­rik we op­ti­ki-sü­ýüm­li ge­çi­ri­ji­le­ri­ni gur­mak, Ow­ga­nys­ta­na ýe­ňil­lik­li şert­ler­de elekt­rik to­gu­ny iber­mek, Türk­me­nis­tan­dan ow­gan ta­ra­py­na de­mir ýo­ly gur­mak, bu goň­şy döw­le­te yzy­gi­der­li esas­da yn­san­per­wer­lik kö­me­gi­ni ber­mek, ow­gan hal­ky­na bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş ba­ba­tyn­da ýar­dam et­mek ýa­ly ama­la aşy­ryl­ýan anyk iş­ler aý­ra­tyn nyg­tal­dy.
Wi­se-prem­ýer bu mej­li­siň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça Ow­ga­nys­tan­da yn­san­per­wer­lik ýag­da­ýy ba­ra­da Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edi­len­di­gi­ni ha­bar ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň Pa­kis­ta­na sa­pa­ry­nyň do­wa­myn­da Pa­kis­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Arif Al­wi we bu ýur­duň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri bi­len du­şu­şyk­la­ryň ge­çi­ri­len­di­gi ha­bar be­ril­di. Şon­da Türk­me­nis­ta­nyň Pa­kis­tan bi­len dür­li ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge taý­ýar­dy­gy aý­ra­tyn bel­le­nil­di. Onuň do­wa­myn­da iki ýur­duň ara­syn­da al­nyp ba­ryl­ýan hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ber­kit­mek bi­len bag­ly me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Pa­kis­tan-Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­ni we Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Pa­kis­tan elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­ga­my­ny ama­la aşyr­mak du­şu­şy­gyň esa­sy me­se­le­le­ri bol­dy.

Pa­kis­tan ta­ra­py bi­len hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek we baý­laş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, Bi­le­lik­dä­ki hö­kü­me­ta­ra to­pa­ryň 6-njy mej­li­si­ni ge­çir­mek, Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Pa­kis­tan-Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­ni ama­la aşyr­mak üçin iki­ta­rap­la­ýyn türk­men-pa­kis­tan pu­da­ga­ra to­pa­ry­ny dö­ret­mek bi­len bag­ly baş­lan­gyç­lar be­ýan edil­di.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow türk­men dip­lo­mat­la­ry­nyň Türk­me­nis­ta­nyň goň­şy we ýa­kyn se­bit­ler­de ýer­leş­ýän hem-de ýur­du­myz bi­len ga­dym­dan gel­ýän ta­ry­hy dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry sak­la­ýan döw­let­ler bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mek ba­ba­tyn­da öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri iş ýü­zün­de do­ly ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin äh­li ze­rur bo­lan çä­re­le­riň mun­dan beý­läk-de ama­la aşy­ryl­jak­dy­gy­na mil­li Li­de­ri­mi­zi ynan­dyr­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň oňyn Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na üýt­gew­siz eýer­mek bi­len, äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­ga gö­nük­di­ri­len iş­jeň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty alyp bar­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz Pa­kis­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­na we Hin­dis­tan Res­pub­li­ka­sy­na se­bit­dä­ki mö­hüm hem-de yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş­la­ry­myz hök­mün­de ga­ral­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, bi­ziň ýurt­la­ry­myz iki­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de, şeý­le hem ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­de ýa­kyn hyz­mat­daş­lyk ed­ýär­ler. Mu­ňa 19-njy de­kabr­da Ys­la­ma­bat şä­he­rin­de Ys­lam Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň ge­ňe­şi­niň Ow­ga­nys­tan­da­ky yn­san­per­wer­lik ýag­da­ýy­na ba­gyş­la­nan no­bat­dan da­şa­ry mej­li­si­ne Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň gat­na­şan­dy­gy­ny we onuň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça de­giş­li Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edi­len­di­gi­ni my­sal hök­mün­de gör­kez­mek bo­lar. Bu Ka­rar­na­ma­da Ow­ga­nys­tan­da­ky yn­san­per­wer­lik ýag­da­ýy­nyň go­wu­lan­ma­gy we bu ba­bat­da ener­ge­ti­ka, ulag we ara­gat­na­şyk tas­la­ma­la­ry­ny, şol san­da ow­gan hal­ky­nyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri ber­jek Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Pa­kis­tan-Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň, Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Pa­kis­tan elekt­rik ge­çi­ri­ji­si­niň tas­la­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy do­wam et­dir­me­giň ze­rur­dy­gy bel­le­nil­ýär. Şeý­le hem Ka­rar­na­ma­da 2021-nji ýy­lyň 28-nji no­ýab­ryn­da Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň Aş­ga­bat şä­he­rin­de ge­çi­ri­len 15-nji sam­mi­ti­niň we onuň do­wa­myn­da ka­bul edi­len He­re­ket­le­riň Aş­ga­bat Yla­la­şy­gy­nyň Ow­ga­nys­tan­da­ky yn­san­per­wer­lik me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­dä­ki or­ny öz be­ýa­ny­ny tap­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sö­zü­ni do­wam edip, Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň 19-njy de­kabr­da Nýu-De­li şä­he­rin­de «Mer­ke­zi Azi­ýa – Hin­dis­tan» dia­lo­gy­nyň 3-nji mej­li­si­ne hem gat­na­şan­dy­gy­ny bel­läp, onuň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça Bi­le­lik­dä­ki Be­ýan­na­ma­nyň ka­bul edi­len­di­gi­ni nyg­ta­dy. Be­ýan­na­ma­da Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň we Hin­dis­ta­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ry has-da ber­kit­mek­de giň ge­rim­li yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň ze­rur­dy­gy bel­le­ni­lip, Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Pa­kis­tan-Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň tas­la­ma­sy­nyň äh­mi­ýe­ti­ne üns çe­kil­ýär.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu res­mi­na­ma­da 11-nji de­kabr­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de ge­çi­ri­len «Pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak sy­ýa­sa­ty – hal­ka­ra howp­suz­ly­gyň, dur­nuk­ly­ly­gyň we ösü­şiň bin­ýa­dy» at­ly hal­ka­ra mas­la­ha­tyň ne­ti­je­le­ri­niň we onuň do­wa­myn­da öňe sür­len baş­lan­gyç­la­ryň iş ýü­zün­de ama­la aşy­ryl­ma­gy­nyň mö­hüm­di­gi­niň bel­le­nil­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Biz Pa­kis­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy we Hin­dis­tan Res­pub­li­ka­sy bi­len eme­le ge­len kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy­my­zy halk­la­ry­my­zyň bäh­bi­di­ne mun­dan beý­läk-de ber­kit­mek ug­run­da ze­rur iş­le­ri do­wam et­di­re­ris di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy.
Mil­li Li­de­ri­miz sö­zü­niň ahy­ryn­da Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­do­wa ýur­du­my­zyň Bi­ta­rap­ly­gy ba­bat­da türk­men dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň sy­ýa­sa­ty­ny mun­dan beý­läk-de üs­tün­lik­li do­wam et­dir­me­gi tab­şyr­dy.